Büzmeýin etrap häkimligi bilen bilelikde geçirilen wagyz nesihat çäresi
1897 Türkmenistanyň Halk Maslahaty - umumymilli forum, zähmetsöýer halkymyzyň synmaz bitewüliginiň we agzybirliginiň beýanydyr.Ählimize mälim bolşy ýaly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny giňden dabaralandyrýan ata Watanymyz Türkmenistan, agzybir hem merdana türkmen halkymyz baş baýrama - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen barýar. Bu ýörelge indi bizde asylly däbe öwrüldi. Her ýylyň altyn güýzünde göwünleri galkyndyrýan uly toýuň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi hem asylly ýörelge bolup, milli döwletliligimiziň taryhynda özboluşly many-mazmuna, onuň goşa ganatynyň biri hasaplanylýan- Garaşsyzlyk bilen ajaýyp sazlaşyga eýe boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler beýik ösüşleriň şuglasy, röwşen geljegimiziň synmaz ynamy bolup kalbymyzy joşdurýar.
Garaşsyz Watan, Bitarap ýurt!
Parahatçylyk mukamynyň ýakymly ýaňlanýan ülkesi bolan eziz Watanymyz Türkmenistanda ýaşamak her bir raýat üçin uly bagtdyr!
Türkmenistanyň Halk Maslahaty - bu halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edasy bolup, ol bu günki gün milli we döwlet ähmiýetli wajyp wezipeleri, möhüm meseleleri halka sala salyp, köpçülik bilen geňeşip çözmek, ara alyp maslahatlaşmak, baý durmuş tejribesi bilen jemgyýetde ýaşlar üçin dogry ýoluň çelgisi bolýan ýaşululara hormat-sarpa goýmak, olaryň öwüt-ündewlerinden, maslahatlaryndan ugur almak ýaly, ata-babalarymyzdan gelýän asylly, döwletli ýol-ýörelgelerimizi has-da dabaralandyrýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Häzirki wagtda bu umumymilli foruma işjeň taýýarlyk görülýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap häkimliginiň hem-de ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde gurnamagynda “Buýsan Watan öz bagtyýar nesliňe, olar sesin goşýar döwrüň sesine” atly brifing duşuşugy geçirildi. Bu brifing duşuşygynyň dowamynda ýokary okuw mekdebiň talyplarynyň soraglaryna jogap bermek arkaly geçirildi, ýagny Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilkli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetdäki tutýan orny, ýaşlary, ýaşululary, umuman tutuş türkmen halkyny bir maksada, bir pikire-jebislige çagyrýan gymmatly ýörelgedigi barada nygtaldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň hem halkymyzyň agzybirligini, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň daşynda jamgyýetiň jebisligini has-da berkitjegine ynanýarys.
Bu çäräniň jemleýji böleginde türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Ýazgy “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan ýerine ýetirildi.
Baýramgül Kulyýewa,Institutyň Ilkinji Zenanlar Guramasynyň başlygy