"Zenan mertebesi-ahlak gözelligi" atly talyp gyzlar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda, jemgyýetimizde zenanlara goýulýan sarpa, zenanlar barada alnyp barylýan işler ata-baba ýol ýörelgelerimizden, milli däp-dessurlarymyzdan ugur alýar. Türkmen halkynyň watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip geldi. Şol milli häsiýetleri ýaş nesillerimize uly buýsanç bilen geçirmek, ýaşlarymyzyň kalbynda bu mukaddesliklere söýgi döretmek, ata Watanymyzyň ýeten beýik ösüşlerine goşandyny goşmak maksady bilen, ýokary okuw mekdebimizde talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat mazmunly duşuşyklar yzygiderli guralýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ilkinji zenanlar guramasynyň,  Büzmeýin etrap zenanlar guramasynyň hem-de Büzmeýin etrap polisiýasy  bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Institutyň mejlisler zalynda guralan bu duşuşyga talyplar, myhmanlar, mugallymlar gatnaşdylar.

Duşuşykda zenan edebi we mertebesi, ony gorap saklamak, nesil terbiýesi, ruhy-ahlak ýörelgelerimiz barada giňişleýin gürrüň edildi. Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda enelere hormat goýmakda, gelin-gyzlarymyzy döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly ähmiýetli işlerde zenanlaryň tutýan ornunyň hem belentdedigi barada aýdyp müňýyllyklaryň dowamynda has ýokary derejä galan milli  mukaddeslikleri gorap saklamagy we türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan päklik, arassalyk, halallyk, wepalylyk ýaly gylyk-häsiýetleri dowam etmekligi belläp geçdiler. Mynasyp nesil terbiýesi biziň rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran zenanlarymyzyň boýnuna düşýän esasy borçlaryň biridir. Elbetde, zähmetde we durmuşda uly üstünlikler gazanýan şeýle zenanlarymyza biz buýsanmaga we guwanmaga haklydyrys.Talyp gyz-gelinlerimiziň arasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy edep-ekram mekdebi bolan zenanlarymyz, gyz-gelinlerimiziň edep-terbiýesiniň ähmiýeti dogrysynda geçirildi. Talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen bu duşuşyk netijeli ähmiýete eýe boldy.

Institutyň talyp gelin-gyzlarynyň arasynda edep-terbiýe, saglyk we arassaçylyk bilen bagly meseleler, jemgyýetde özüňi alyp barmagyň kadalary barada söhbetdeşlikler we wagyz-nesihat maslahatlary gurnalýar we geçirilýär. Talyp gelin-gyzlarynyň arasynda umumy tertip-düzgünler: ahlaklylyk, edeplilik, ar-namys, görüm-görelde we olary berjay etmek barada il arasynda hormatlanýan enelerimiz bilen bilelikde söhbetdeşlikli duşuşyklary geçirmek däbe öwrüldi.

Çykyşyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumlarynyň mundan hem beýläk rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

 

 Faruh Hasanow,

Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Halypa mugallym Gapur Durdyýew