Şu günler ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde uçurymlaryň gutardyş dabaralary geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda okuwyny üstünlikli tamamlap, täze durmuş ýoluna gadam basýan ýaşlaryň müňlerçesi bu gün saýlap alan hünäriniň eýesi boldular. Şeýle şatlykly, tolgundyryjy günlerde ýagny 14-nji iýunynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty hem 2022-2023-nji okuw ýylynda nobatdaky uçurymlaryny işe ýollady. Ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa toplumy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan bu ýokary okuw mekdebinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 615 talyp uçurym bolýar.
Däp bolşy ýaly, bu ýyl hem ýokary okuw mekdebimizde şu mynasybetli baýramçylyk dabarasy guraldy. Uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslenen gutardyş dabarasy Döwlet senasynyň belent heňde ýaňlanmagy bilen badalga aldy. Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmegine, saýlap alan hünärleri boýunça zähmet çekmeklerine giň mümkinçilikleriň döredilýändigi hakynda buýsanç bilen nygtadylar. «Uçurym» aýdymynyň ýaňlanmagy bilen başlanan çäräniň dowamynda institutyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, ata-eneler uçurymlara tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan edip, olara ömrüniň täze basgançagynda ak ýol arzuwladylar.
Ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, maglumat-aragatnaşyk serişdelerini kämilleşdirmek, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de olara hyzmat edýän hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen döredilen bilim ojagymyzda fakultetleriň 6-sy, kafedralaryň 19-sy hereket edip, talyplarymyz 27 hünär boýunça bilim alýarlar. Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde ýaş alymlaryň arasynda geçiren bäsleşiginde bu ýokary okuw mekdebiniň ýaş alymlarynyň üçüsi, degişlilikde, birinji we üçünji orunlary eýeläp, hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgadyna mynasyp boldular.
Baýramçylyk dabarasynda edilen çykyşlarda-da şular barada gürrüň edilip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda zähmet ýoluna gadam basýan ýaşlara saýlap alan hünäriniň hakyky eýeleri bolmagy üçin döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak babatda degerli maslahatlar berildi. Bagtyýar uçurymlar hem alan bilimlerini, ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman, hormatly Prezidentimize, Watanymyza, halkymyza ak ýürekden hyzmat etjekdiklerine ynandyrdylar. Gutardyş dabarasynyň ahyrynda instituty tapawutlanan diplom bilen tamamlan, jemgyýetçilik-medeni çärelere işjeň gatnaşan uçurymlara Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Institutyň mejlisler zalynda ýokary mekdebini «Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary», «Binagärlik», «Elektro we ýylylyk energetikasy», «Tehnosfera howpsuzlygy we tebigy abadanlaşdyryş», «Ýerüsti ulagyň tehnikasy we tehnologiýalary», «Aeronawigasiýa we awiasion hem-de raketa-kosmiki tehnikalaryny ulanmak», «Gämi gurluşygynyň we suw ulagynyň tehnikasy we tehnologiýalary» hünärmen maksatnamasy boýunça üstünlikli tamamlan 615 uçurymy gutlap, ak ýol arzuw etdiler.
Ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagynyň ösmegine uly goşant goşjak ökde hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda döredijilikli işler dowam edýär. Şeýle döwrebap bilim ojagyny döredip beren hormatly Prezidentimiziň ömri uzak, işleri rowaç bolsun! Institutyň nobatdaky uçurymlaryna bolsa ak ýol arzuw edýäris.
Ogulbaýram HATJYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.