ÝOKARY OKUW MEKDEBIMIZDE TÄZE HÜNÄRLERIŇ 8-SI GIRIZILDI

Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň ýokary depginli durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde ýaşlara uly ynam bildirýär. Şoňa görä-de, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamagy, täze döwrebap iş orunlaryny döretmegi, ýaşlaryň hünär taýýarlygyny we iş bilen üpjünçiligini ençeme ýyllar öňünden meýilnamalaşdyrýar, hünär bilim ulgamy kämilleşdirilýär, zähmet bazarynda ýaşlary iş bilen üpjün etmek boýunça işjeň çäreler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilimiň, täze tehnologiýalaryň ösen derejesi gööňünde tutulyp, mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler boýunça hünär ugurlary açylýar. 

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine girmek isleýänleriň resminamalary şu ýylyň 17-nji iýulyndan kabul edilip başlanyldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ylym-bilim özgertmeleriniň çäklerinde ulag we kommunikasiýa pudagynyň  dürli ugurlaryny ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda täze hünär ugurlary döredilýär. Şu okuw ýylynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda täze hünärleriň birbada 8-si açyldy. Indi dalaşgärler demir ýollaryň elektrik üpjünçiligi, lokomotiwler, wagonlar hünärleri boýunça hünärmen, gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy, ýerüsti ulag-tehnologiki serişdeler, sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk, howa hereketiniň dolandyrylyşy, howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak ugurlary esasynda bolsa bakalawr maksatnamasyna laýyklykda öz resminamalaryny tabşyryp bilerler.

Bakalawr maksatnamasynyň artykmaçlyklary barada aýdylanda, ilkinji nobatda, dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň aglabasynda bu ugur boýunça hünärmenleriň taýýarlanyp gelinýändigini bellemeli. Bu bolsa milli bilim ulgamymyzy halkara ülňülere laýyklykda guramaga mümkinçilik berýär.

Bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlanýan talyplara geçilýän dersleri iki dilde, ýagny türkmen hem-de iňlis dillerinde okatmak mümkinçiligi bar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenmek barada öňümizde goýan wezipeleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine hem-de geljekki hünärmenleriň halkara gatnaşyklarda ýurdumyza mynasyp derejede wekilçilik edip bilmegine oňyn şert döreder.

Bulardan başga-da, bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlanýan talyplar ýokary hünär biliminiň ikinji derejesi, ýagny magistr maksatnamasy boýunça ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryny dowam etdirip bilerler. Bu artykmaçlyk hünärmeniň bütin ömrüniň dowamynda bilim almagyna we hünär derejesini kämilleşdirmegine mümkinçilik döredýär. Netijede, iki derejeli gurluş düzümi boýunça talyplaryň taýýarlanylmagy milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de pajarlap ösmegine, onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň doly üpjün edilmegine oňyn täsir eder.

Ýokary bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly işleriň hemişe üns merkezinde saklanylmagy ýöne ýerden däl. Sebäbi öz işine ökde, häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanmagy başarýan, watansöýüji ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli berjaý edilmeginiň wajyp şertleriniň biridir.

Beýan edilen wezipelerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem häzirki döwürde ýaşlara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň watansöýüji, işine ökde, ählitaraplaýyn taýýarlykly, sagdyn şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin yzygiderli tagalla edýän hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, döwletli işleri, beýik başlangyçlary dowamat-dowam bolsun!



 

Ogulbaýram HATJYÝEWA, 

Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.