Ýokary bilim ojaklaryna okuwa kabul edişlik möwsümi başlanýar

2023-nji ýylyň 17-nji iýuly — 21-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul edişlik möwsümi guralar. Giriş synaglary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde degişli Buýruga gol çekdi.

Arkadagly Serdarymyz bilim özgertmesini durmuşa geçirmegiň ugurlaryny we täzeçil ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça tutuş jemgyýetiň öňünde durýan anyk wezipeleri kesgitlemek bilen, ylym-bilim ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, bilim işinde innowasion çemeleşmeleri hemde tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berýär.Ýurdumyzyň gülläp ösmeginde, döwletimiziň bedew batly ösüşler bilen öňe gitmeginde ylymbilimiň aýratyn uly orny bardyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Ylym we bilim jemgyýetiň hemde döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr» diýip belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimiň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýär. 

Hormatly Prezidentimiziň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 14-nji iýul­da ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de gol çe­ken Buý­ru­gy­na la­ýyk­lyk­da, 2023-nji ýyl­da Türk­me­nista­nyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa ka­bul et­me­giň me­ýil­na­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa ka­bul et­megi 17-nji iýul 21-nji aw­gust ara­ly­gyn­da gu­ra­mak hemde gi­riş sy­nag­la­ry­ny we­la­ýat mer­kez­le­rin­de we Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çir­mek tab­şy­ryl­dy. Bu mö­hüm çä­rä­ni ta­la­ba­la­ýyk gu­ra­mak mak­sa­dy bi­len, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gol çe­ken Buý­rugyna laýyklykda, 2023-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa ka­bul et­mek bo­ýun­ça döw­let to­pa­ry­nyň dü­zü­mi tas­syk­la­nyl­dy. Döw­let to­pa­ry­na oku­wa ka­bul etmä­ge gu­ra­ma­çy­lyk usu­ly­ýet taý­dan ýol­baş­çy­lyk et­mek hemde onuň bel­le­nen ter­tip­de ge­çi­ril­me­gi­ni gu­ra­mak tab­şy­ryl­dy. We­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­lik­le­ri de­giş­li iş to­par­la­ry­nyň tala­ba­la­ýyk iş­le­me­gi üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mä­ge borç­ly edil­di.

Türk­men ýaş­la­ry­nyň üs­tün­lik­le­ri Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­ne ga­dam ba­san ýur­du­my­zyň hem üs­tün­lik­le­ri­dir. Türk­me­nis­ta­nyň ýaş ra­ýat­lary­na döw­re­bap bi­lim al­mak, gel­jek­ki hü­nä­ri saýla­mak,öz ze­hin­le­ri­ni we ba­şar­nyk­la­ry­ny do­ly açyp gör­kez­mek, öň­de go­ýan mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

 Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň be­ýik gel­je­gi, nu­ra­na er­ti­ri şu gün­ki ýaş ne­sil­le­ri­mi­zi al­jak bi­li­mi­ne we ter­bi­ýe­si­ne bag­ly­dyr, ylym­ly, bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ýo­ka­ry hü­när­li, zähmet­sö­ýer,aras­sa ah­lak­ly,mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­za we­pa­ly adam­la­ry ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek esa­sy we­zi­pä­miz­dir.Döwrümize buýsanjy köňül töründen joşup çykýan bagtyýar ýaşlaryň ýüzlerindäki şatlyk alamatlary möwsümiň uly ruhubelentlik bilen üstünlikli geçiriljekdiginden habar berýär. Biz hem köňlünde beslän arzuwlaryna ýetip, saýlan hünäri boýunça talyp diýen belent ada mynasyp bolmakda dalaşgärlere üstünlikleri arzuw edýäris. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň 51-nji jaýy salgyda ýerleşýän Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna hoş geldiňiz!

 

Ogulbaýram HATJYÝEWA, 

Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.