Ynam bilen öňe barýar Arkadagly ýaşlar bu gün!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ata ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň bilim almagyna, ylma teşne kalbyndaky arzuwlaryny amal etmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Döwletimizde okgunly ösüşleriň gazanylmagynda ylym-bilim özgertmeleriniň täsiri has hem uludyr. Ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir.  Ýurdumyzda häzirki wagtda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak syýasaty ýokary depginde ösdürilip, bu ugurda maksatnamalaýyn çäreler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde amala aşyrylýar. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edilip, bu ýaşlarda Watana, merdana halkymyza we şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylym-bilime höwesi artdyrmakda, olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryndan, innowasion sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarmagyny gazanmakda, döwrebap bilim almagyny üpjün etmekde, ýaşlara «Watan» diýen düşünjäniň mukaddesligini düşündirmekde has-da aýratyn orny eýeleýän ýaşlar barada döwlet syýasaty çygryndaky möhüm resminama bolup durýar.

Her bir güni şanly senelere, möhüm wakalara beslenýän «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» aýdyň geljegimize we ýaşlarymyza bolan beýik ynam bilen aýrylmaz baglydyr. Çünki ýaş nesiller ata Watanymyzyň batly ösüşlerini amal etmeli bagtly nesiller. Arkadagly Serdarymyzyň bu ugurdaky uly aladasy Türkmen halkynyň Milli Lideri Mähriban Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny, netijeli hem köpugurly beýik işleriniň mynasyp dowamy hökmünde ýaşlar syýasatyny hil taýdan täze derejä çykarmaga şert döredýär.

Aýdyň ýol bilen üstünlikli öňe gitmegiň  baş şerti bolsa häzirki döwrüň ýokary talaplary esasynda kemala gelýän giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlaryň, kämil hünärmenleriň täze nesli bilen baglanyşdyrylýar. Şoňa görä-de, täze eýýamda bagtyýar ýaşlara täzeçe hem kämil derejede ylym-bilim bermäge, olary başarnykly hünärmenler edip ýetişdirmäge uly üns berilýär. Şu günki nesilleriň watansöýüji, ylymly-bilimli, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi ylym-bilimiň, tehnologik ösüşleriň ýüze çykmagy we ösmegi bilen aýrylmaz baglydyr. Arkadagly Serdarymyz ýaş hünärmenleriň täzeçil we netijeli pikir ýöretmek we ýokary ukyp-başarnygyna eýe bolmalydygyny yzygider nygtaýar. Ýaş nesliň jemgyýetimizi innowasion çözgütler esasynda ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga goşýan mynasyp goşandy hem aýratyn bellärliklidir. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşi ylmyň soňky gazananlarynyň, kämil tehnologiýalaryň doly ornaşdyrylyşyna we akylly enjamlary dolandyrmakdan ezberlik bilen baş çykarýan dörediji ýaşlara baglydyr. Döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan maksatnamalaýyn işlere laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarynda, ylmy-tehnologik hem-de ylmy-taslama merkezlerinde dürli ugurlar boýunça döwrebap ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň zehinli ýaşlary dürli ugurlarda netijeli işleri alyp barmaklykda işjeň gatnaşýarlar. Ylmy döwlet tarapyndan goldamak işinde geljegi uly barlaglary, tejribe-synag hem-de tehnologik işläp taýýarlamalary maliýe taýdan goldamak ýola goýulýar.

Maksatnamalaýyn wezipeleriň çäklerinde ökde hünärmenleri ýetişdirmek, ylymly-bilimli, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryndan, innowasion sanly tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän arassa we kämil düşünjeli ýaş nesli kemala getirmek häzirki ösen jemgyýetimiziň iň wajyp wezipeleriniň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde nazaryýet taýdan alan bilimlerini tejribede öwrenmek we özleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan eýeçiliginiň görnüşine garamazdan edara-kärhanalarda we guramalarda talyplaryň ykdysady we önümçilik tejribeleri meýilnamalaşdyrylyp guralýar.

Häzirki döwürde bagtyýar ýaşlaryň yhlasy, ýiti zehini, döredijiligi esasynda ýurdumyzda täzeçe özgerişler kemal tapýar. Türkmen jemgyýetinde amala aşýan düýpli özgerişleriň netijesinde ýaş nesli halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny, medeni mirasyny, däp-dessurlaryny häzirki döwrüň derejesi bilen utgaşykly alyp barmak, ýaş nesliň döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini ýüze çykarmak esasy üns merkezinde saklanylýar. Bu möhüm wezipeler döwletimizde ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry bolup çykyş edýär. Bagtyýar ýaşlar barada edilýän şeýle oňyn aladalar Garaşsyz hem hemişelik Bitarap ýurdumyzyň geljekki ösüşini şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzyň hem-de döwrüň şeýle beýik ynamyna öz ukyp-başarnygy, zehini, kämil kesp-hünäri we döredijiligi bilen jogap bermeklik bolsa bagtyýar ýaşlar üçin çäksiz buýsançdyr, belent mertebedir hem uly bagtdyr. Halkymyzyň abadan hem bagtyýar geljegi, ýaşlaryň döredijilikli, watansöýüji, ukyp-başarnykly adamlar bolup ýetişmegi babatda netijeli işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir!

Biz — türkmen ýaşlary gurujy, dörediji halkyň nesilleridiris. Bütin halkymyz bilen birlikde hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň daşynda mäkäm jebisleşendiris. Biz — ýaşlara öran uly ynam bildirýän, zehinimiziň, döredijilikli zähmetimiziň açylmagy we döwrümiziň ösüşlerine joşgun bilen goşulmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň belent başlary aman, tutan işleri rowaç bolsun!

 

Pena ÇOPANOW,

 institutyň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy,

Gurluşyk kafedrasynyň mugallymy.