Ata-babalarymyzyň paýhas eleginde elenip, biziň şu günlerimize gelip ýeten «Ylymly il ozar» diýen pähim häzirki döwrümizde ruhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Gurşunly kenek ýaly agramly, çuňňur many-mazmuny özünde jemleýän bu parasatly nakyl bagtyýarlyk zamanamyzda has-da döwrebap ýaňlanýar. Bu paýhasyň süňňünde ylym-bilimiň uly ösüşleriň ýoly bilen röwşen geljege alyp barýandygy baradaky hakykat bar.
Hormatly Prezidentimiz ussat, başarjaň, kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesini hemişe üns merkezinde saklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen bina edilýän ýokary we orta okuw mekdepler kämil hünärmenleri taýýarlamaga döredilen giň mümkinçiliklerdir. Bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alyndy. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilime güýçli depginde ornaşdyrylýar. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag edaralarynda açylan aspiranturalara, doktoranturalara, ordinaturalara dalaşgärleriň ýüzlerçesi kabul edildi. Olar häzirki wagtda ylmyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýarlar, özleri üçin döredilen şeýle ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, öz ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler. Saýlap alan ugurlary boýunça ylym dünýäsiniň gizlin syrlaryna ynamly aralaşýarlar. Olar ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny baýlaşdyrmaga we kämilleşdirmäge saldamly goşant goşjak ýaş alymlaryň hataryny artdyrýarlar. Şeýle hem orta mekdepleriň okuw meýilnamalaryna täze sapaklaryň, ýokary okuw mekdepleriniň meýilnamalaryna täze hünärleriň girizilmegi, talyp haklarynyň yzygiderli köpeldilmegi, okatmagyň interaktiw usullarynyň ýola goýulmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan ylym-bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň netijesinde, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Ýurduň ählumumy ykdysady ösüşleri döwletiň kuwwatlylygyny, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarylygyny kesgitleýär. Ýurdumyzy ösüşleriň şa ýolundan ynamly öňe alyp gitmekde, ozaly bilen, ykdysady ugurlarda öňe sürlen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Ruhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orny eýeleýän «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» diýen pähim häzirki döwrümizde hasda uly ähmiýete eýedir. Pederlerimiziň paýhas eleginden geçip, biziň şu günlerimize gelip ýeten bu parasatly nakyl Ýer ýüzünde tutuş adamzat tarapyndan ykrar edilendir. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda kämil hünärmenler taýýarlanylýar, bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan üstünlikler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljeginiň has-da aýdyň we röwşen boljakdygyna güwä geçip, biziň her birimiziň buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Eziz Diýarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklarynyň täze binalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna aýdyňlygy bilen güwä geçýär.
Babageldi Ismailow,
Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy
kafedrasynyň müdiri.