YLYM-BILIM ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de belent derejelere ýetirmekde öňde duran wezipeler, il-ýurt bähbitli wajyp işler, gazanylýan üstünlikler bilen geljege has ynamly hem aýgytly gadam urmaga borçly edýär. Munuň özi bolsa ilkinji nobatda, ussat, başarjaň, ýokary taýýarlykly, kämil hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny ýüze çykarýar.

Häzirki döwürde ylym esasy ugurlaryň biri bolup, oňa ösüşleriň binýady hökmünde garalýar. Şonuň üçin hem ylym-bilimli kämil hünärmenleri ýetişdirmek bu günki günüň esasy wezipesidir. Ýaş hünärmenleriň ylymly, giň dünýägaraýyşly bolmagy ösüşiň täze mümkinçiliklerini kemala getirýär. Şoňa görä-de «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzda ylym-bilime uly üns berilýär, ýaş hünärmenleriň ylymly bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde Diýarymyzy ählitaraplaýyn ösdürmek, sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, dünýäde ylmyň soňky gazananlary esasynda döredilen innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzda bu ugurlarda düýpli işler ýola goýulýar. Ýokary okuw we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde okadylýan derslerde innowasiýa, sanly bilim ugurlarynyň girizilmegi, umumybilim berýän orta mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim-terbiýe alýan ýaş nesillerde döwrebap tehnikadan we tehnologiýalardan peýdalanmak başarnyklaryny kemala getirmegiň ýola goýulmagy ýurdumyzyň innowasiýalar ýurduna öwrülýändigini aýtmaga doly esas döredýär.

Bilim ulgamynda, milli ykdysadyýetimizde dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň innowasiýalaryna daýanyp, iri durmuş-ykdysady bähbitli taslamalar yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Diýarymyzda ylym pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady, gurluşy we bu ugurdaky kadalaşdyryjy hukuk esasy yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň ylmy edaralarynda häzirki zaman ylymlaryndan we täze tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän alymlaryň we hünärmenleriň işlemegi üçin döredilýän mümkinçilikler buýsandyrýar. Ýurdumyzy ösdürmek boýunça maksatnamalarda adamyň aň-bilim mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ylym pudagynyň kuwwatyny has-da artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Ylym-bilim hemişe ösüşleriň gözbaşy hasaplanypdyr. Türkmen halky ir döwürlerde hem örän medeniýetli, ylymly, giň dünýägaraýyşly bolupdyr. Täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň ösýän zamanasynda-da ylmy ösdürmäge uly üns berilýär. Eziz Diýarymyzda ylymda gazanylýan üstünlikler aýratyn bellärliklidir.

Häzirki döwürde ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmekde döwrebaplaşdyrylan hem-de ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen akademiki we amaly ylmy-barlag institutlarynyň tutýan orny uludyr. Döwrebap ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudagara we pudaklaýyn ylmy guramalarda zähmet çekýän alymlaryň kemala gelmeginde ylmy barlaghanalaryň, innowasion işläp taýýarlamalaryň tutýan orny uludyr. Munuň özi ýurdumyzyň ösen ylym-bilim merkezine öwrülýändigini aýdyň beýan edýär.

Orazgeldi BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehanika-tehnologik fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.