Adamzat ylym öwrenmek bilen dünýä akyl ýetirip bilýär. Hiç bir adam ylym öwrenip onuň aňyrsyna çykan däldir. Ylym – bu ummasyz baýlykdyr. Ylym kämilligiň gözbaşydyr. Bu baýlyk ynsanyň dünýägaraýşyny giňeldýär. Ýer ýüzünde bolýan wakalara, hadysalara bolan garaýşyny ösdürýär. Şeýlelikde, gadym döwürlerden başlap häzirki wagta çenli birnäçe açyşlaryň netijesinde ylym häzirki derejesine ýetdi. Şu nukdaýnazardan ugur alyp Ýewropa Bileleşiginiň ERASMUS+ Maksatnamasynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 19-20-nji sentýabry aralygynda göni wideo aragatnaşygy arkaly geçirilýän “Ýokary okuw mekdepleri üçin strategiýa: QS we THE halkara reýtinglerinde ýetilen sepgitler/ Üstünligiň açylyşy: QS we THE reýtingleri boýunça ýokary okuw mekdepleri üçin gözükdiriji” atly seminara Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda sanly tehnologiýalara daýanýan ylmyň, bilimiň ösdürilmegi ugrunda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim syýasatynda edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Wepa Kowsyýew,
Maglumatlar we okatmagyň tehniki serişdeleri bölüminiň başlygy