Gahryman Arkadagymyz: “Watan söýüji, giňdüşünjeli, ynsanperwer, zähmet söýer, maksada okgunly, belent ahlakly bagtyýar nesillerimiz ähli ukypbaşarnyklaryny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etmelidir” diýip, ýaşlarymyza uly ynam bildirýär. Ýaşlarymyzyň döwrebap ylym bilim almagy, hünär eýesi bolmagy, zähmet çekmegi, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hut şonuň üçinde
okamak, işlemek, döretmek üçin ählimümkinçilikler döredilýän ýurduň ýaşlarynyň ädimleri ynamly, maksatlary uly, döredijilik gözlegleri şowludyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ugurlarda okgunly öňe barýandygyny görüp her bir raýatymyz guwanmaga we buýsanmaga haklydyr. Çünki bu günki-gün ata Watanymyz Türkmenistan ykdysady-syýasy, medeni, ylym-bilim, saglygy goraýyş, oba-hojalygy, gurluşyk we aragatnaşyk, sport we syýahatçylyk ýaly dürli ugurlarda uly üstünliklere eýe boldy, elbetde bularyň hemmesiniň sakasynda bolsa biziň Arkadagly Serdarymyz bardyr.
Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalary fakultetiniň talyby Şöhrat Baýramow:
Ynsan yhlasynyň myrat tapmagy nähili gowy zat. Onda-da öz söýýän, göwnüňi göterýän işi edip, hormat-sylaga mynasyp bolmagyň täsirem, gadyr-gymmatam başgaça bolýar. Ine, ýakynda hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniñ hem-de dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň talyplarynyñ gatnaşmagynda III Açyk halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Bu olimpiadada ikinji orna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Galyberse-de, Ýokary okuw mekdebimizden III Açyk halkara matematika olimpiadasyna gatnaşýan düzümi 8 talypdan ybarat bolup, olaryň 8-si hem Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň adyndan bäsleşige gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz ýaşlara ähli ugurlarda ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ulaglar fakultetiniň talyby Agahan Andyýew:
— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni şanly wakalara, taryhy senelere beslenýär. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen röwşen geljegimiz bolan ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, sowatly, hünärli bolmagy ugrunda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu babatynda ençeme döwrebap binalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýaşlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi, eşretli durmuşda bolelin ýaşamagy üçin amatly şertler döredilýär. Ýaşlar barada edilýän şeýle aladalary biz her ädimimizde duýýarys. Biz — ýaşlar üçin şeýle tagallalaryň döredilýändigine diýseň buýsanýarys, begenýäris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesle döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdeplerinde bilim alyp, geljekde öz saýlan ugurlaryndan ýokary derejeli hünärmen bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Biz — bagtly ýaşlar. Çünki biz arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaşaýarys. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly meniň hem durmuşymda ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Maňa 28-nji aprelde jemi jemlenen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýerli hem-de daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen III açyk matematika olimpiadasyna gatnaşyp 3-nji orna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi.
Ýazga geçiren Ogulbaýram HATJYÝEWA,
Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.