ÝAŞLARYŇ BILIM BAŞARNYKLARYNY GÜÝÇLENDIRMEKDE OKUW-TEJRIBELIKLERIŇ ORNY

Ýurdumyzyň önümçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de onuň gazananlaryny ykdysadyýetde netijeli peýdalanyp, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýakynda, ýokary okuw mekdebimiziň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň “Ýaşaýyş jaý hojalygy we jemagat infrastrukturasy”, “Inžener ulgamlary we torlary” hem-de “Ýörite maksatly inžener ulgamlary we desgalary” hünäriniň talyplary bilen bilelikde “Türkmen aýna önümleri”  kärhanasynda göçme okuw-tejribeligi geçirildi. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň  “Türkmen aýna önümleri”  kärhanasynda talyplar dünýä ülňülerine laýyk gelýän aýna önümlerini öndürýän hem-de senagat pudagy üçin niýetlenen dürli aýna, çüýşe önümlerini işläp bejerýän enjamlar barada, ýörite hünärmenleriň tanyşdyrmagynda aýna önümleriniň we onuň erginleriniň gurluşy, olaryň  dürli  gyzgynlyk  derejelerinde taýýarlanylyşy hem-de  gurluşynyň  üýtgeýşi,  senagat toplumynda  ulanylýan  aýna önümleriniň esasy  häsiýetleri  barada, häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän awtomatlaşdyrylan robot-enjamlaryň işleýiş usullary hem-de innowasion tehnologiýalary senagatymyza ornaşdyrmak, olaryň kömegi bilen dürli serişdeleri işläp taýýarlamak we bäsleşige ukyply önümleri almak we bu enjamlaryň, abzallaryň we materiallaryň häzirki zaman görnüşlerini Türkmenistanyň ykdysady we durmuş pudaklarynda ulanmak boýunça işleriň geçirilişi barada uly göwrümli maglumatlary aldylar. 

Şunuň ýaly döwrebap göçme okuw-tejribelikleri mugallymlaryň öňünde bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny we täze garaýyşly ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça anyk wezipeleri kesgitleýär.

Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.