Ýaşlarda hünäre höwes uly

Berkarar ýurdumyzyň bilime höwesli, zehinli ýaşlary bar. Biziň her birimiz mähriban Watanymyzyň gülläösmegine mynasyp goşandymyzy goşmak üçin höwes bildiren hünärlerimizi öwrenýäris. Hünär ynsany täze belentliklere galkyndyrýar, ruhubelent edýär, durmuşyna çuňňur many çaýýar. Türkmenistanda döwrüň talap edýän ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň kämil ulgamyny döretmek häzirki zaman ylym-bilim ulgamyny mundan beýläk-de özgertmekde esasy wezipedir. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde kämil bilimli, giň gözýetimli, saýlap alan hünärini oňat bilýän, başarnykly hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler barha giň gerime eýe bolýar. Muňa Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda talyplyga dalaşgärlerden resminamalaryň kabul edilýäşu günlerinde alnyp barylýan işleriň mysalynda hem göýetirmek bolýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hünäre goýulýan sarpa hem has ýokarlandy. Döwrümiziň özgermegi bilen hünärler hem kämilleşýär. Munuň özi ozaly bilen Arkadagly Serdarymyzyň ylmy-bilimi jemgyýeti ösdürýän güýç hökmünde öňe sürmegi bilen baglanyşyklydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda amala aşyrylýan beýik işler ýurdumyzy ösdürmek boýunça öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ýaş nesle uly ornuň degişlidigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ýaşlar jemgyýetimiziň iň işjeň bölegidir.

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  bilim ulgamyny ösdürmek we häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda özgertmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary, beýleki ulgamlar üçin häzirki zaman tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan ýokary bilimli, kämil hünärmenleri taýýarlamak babatda uly tagalla edýär. Şonuň bilen baglanyşykly, üstümizdäki okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde  täze hünärleriň onlarçasynyň girizilmegi, şeýle-de ýaşlara bakalawr maksatnamasy esasynda bilim berilmegi häzirki döwrüň bilimlerinden ýüki ýetik hünärmenleriň taýýarlanmagynyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Bu zatlar ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamaga, bilim almaga höwes edýän ýaşlara hünär saýlamaga täze mümkinçilikler açýar. Ýaşlar şol mümkinçiliklerden peýdalanmaga höweslidiklerine talyplyga dalaşgärlerden resminamalaryň kabul edilýän şu günlerde guwanç bilen göz ýetirýärsiň.

Giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan, watansöýüji, sagdyn ruhly we berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan işleriň esasy maksadydyr. Bu işleri has-da üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi tassyklandy. Bu resminamanyň kabul edilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrdy, ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimini giňeltdi.

Ýurdumyzda tehnologiýalaryň ösen zamanynda kompýuterleşdirilen bilimlere daýanyp, häzirki zaman önümçilik desgalaryny işe girizmek ýola goýuldy. Bu bolsa ylmyň gazananlaryna esaslanýan milli ykdysadyýetiň pudaklary üçin zerur hünärmenleri taýýarlamagy talap edýär. Hünärmenleriň öz bilim derejesini ýokarlandyrmagy, ösen tehnologiýalardan kämil baş çykarmagy möhümdir. Şoňa görä-de, ýaşlaryň saýlap alan ugurlaryndan oňat baş çykarmaklary has derwaýysdyr. Bu babatda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy we hünär öwrenmegi üçin ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigi aýratyn bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyp ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlary özleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, Watanymyz, halkymyz üçin peýdaly adamlar bolup ýetişmek maksady bilen yhlasly okaýarlar, öwrenýärler, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler. Häzirki döwürde ýaşlar halk hojalygynyň ulag we kommunikasiýa pudaklarynda zähmet çekmäge isleg bildirýän hünärleri saýlap almak mümkinçiligine eýe boldular. Olar höwes edýän hünärleri boýunça okamaga doly mümkinçilik aldylar. Nesip bolsa, sanlyja günden dalaşgärler giriş synaglaryny tabşyryp, bilim dünýäsine tarap ynamly ädim äderler. Geljege yhlasly, hünäre höwesli ýaşlarymyza üstünlik arzuw edýäris.


 

Pena ÇOPANOW,

 institutyň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy,

Gurluşyk kafedrasynyň mugallymy.