Ýaşlar — Watanymyzyň daýanjy

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adalatly, parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda – syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda beýik ösüşlere ýetýär hem-de täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen ilimiz öz aýdyň ertirlerini, ýagty geljegini gurýar. Muny biz bagtyýar durmuşymyzyň döwrebap özgertmelerinde, alnyp barylýan beýik işlerde has aýdyň görýäris. Döwletli Diýarymyzda ýaşlaryň işleri barha ýokarlanýar. Bu günki gün ýaşlarymyz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, Watanymyzyň abraýyny Arşa galdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir.

Bu gün ýaşlar jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän iri möhüm wakalara işjeň gatnaşýarlar hem-de ýurdumyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi hem bütin halkymyz bilen bir hatarda, ýaş nesliň wekillerini diýseň buýsandyrdy.

Ajaýyp zamanamyzda «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, onuň binýadynda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» tassyklanylmagy, ýaş nesillerimiziň bilim almakda, zähmet çekmekde döwlet tarapyndan uly goldawa eýedigini açyp görkezýär. Ýaşlar döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, şeýle hem döwlet we milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar bilim, ylym, medeniýet hem-de tehnologiýa babatda ýurdumyzyň ösüş depginine mynasyp goşant goşýarlar.

Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda her ýylda bäsleşikler we beýleki medeni çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň ýaşlar baýragy, Gulbaba adyndaky çagalar baýragy has tapawutlananlara gowşurylýar, şeýle hem ylmy işler boýunça bäsleşik, «Ýylyň parlak ýyldyzy», «Talyp joşguny», «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri», «Merdana nesil», «Talyp gözeli», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary», «Ylham joşguny» we beýleki döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary guralýar we telegepleşikler geçirilýär.

 

2017-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanynda Ýaş alymlar merkezi, ylym we bilim edaralarynda bolsa ýaş alymlaryň geňeşleri döredildi. 2016-njy ýylda «yashlar. gov.tm» elektron saýty açyldy. Bagtyýar ýaşlarymyz bu gün döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler. Ykballaryny sporta baglan ýaş türgenlerimiz bolsa ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, Garaşsyz döwletimiziň abraýyny has-da ýokarlandyrýar.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Ýaşlar guramasy 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilip, şondan bäri beden we ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer, ukyply, Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde netijeli işleri alyp barýar. Ýaşlar guramasynyň döredilen gününden bäri Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň ösüşini pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşan, zähmetde we döredijilikde uly üstünlikleri gazanan ýaşlary «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň» eýesi diýen at bilen sylaglamak asylly däbe öwrüldi. Bu dabaraly çäre noýabr aýynda Ýaşlar guramasynyň döredilen gününde uly ruhubelentlik bilen ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda batly depginler bilen gazanylýan ösüşler, ýetilýän belent sepgitler halkymyz üçin täze maksat-tutumlara ýetmäge badalgadyr. Ähli ösüşleriň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň özeninde bolsa «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgäniň durýandygy biziň üçin buýsançlydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlary terbiýelemekde, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, ýaşlaryň arasynda wagyz--nesihat işlerini geçirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 


Ogulbaýram HATJYÝEWA,

Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.