Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda milli sporty dünýä derejesine çykarmak ,türkmen türgenleriniň ýokary netijeleri gazanmaklarynda Türkmenistanyň abraýyny belende galdyrmak ugrunda giň gerimli işleri amala aşyrylýar.Bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmak halkymyzyň saglygynyň, bagtyýarlygynyň,abadançylygynyň möhüm şerti bolup, gülläp ösýän döwletimiziň binýadyny emele getirýär. Eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary,köpugurly stadionlar, sport mekdepleri, türgenleşik zallary we ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen ugurdaş desgalar bilen bina edilýär hem-de gurluşyklary dowam etdirilýär. Türkmen türgenleri, hünärmenleri,tälimçileri taýýarlamagyň usulyýetini,ýaryşlary geçirmegiň birnäçe görnüşlerini alyp barýarlar. Uly sport ýaryşlarynyň ýurdumyzda yzygiderli guralmagy we türkmen türgenleriniň abraýly halkara bäsleşiklere gatnaşyp gazanýan ýeňişleri bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň beýanydyr.Häziriki günde hem biziň ýokary okuw mekdebimiziň ýaş türgen talyplary milli sportyň iň saýlama ýaryşlarynda üstünlik gazanyp, uly ýeňişleri bilen yzygiderli begendirýärler. Ýaş türgenlerimiziň täze ýeňişleri bilen türkmen sportunyň abraýyny belende göterýärler. Şunyň netijesinde mysal edip ýagny ýakynda bolup geçen 2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň 8-ne Gökje sport toplumynda sportuň “UŞU” görnüşi boýunça geçirlen Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşynda ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmenistanyň Inžener -tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň talyby Gulow Kerwen 52 kg agram derejesinde üstünlikli çykyş edip 1-nji oruna mynasyp boldy. Biziň ýurdumyzda sporty giňden wagyz etmek hem-de ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýändigini görmek bolýar.Watanymyzyň gülläp ösmeginde, ony dünýä tanatmakda we halkara ýaryşlaryda baýrakly orunlary eýelemekde ,türgenlerimiziň ýeňişlerine ýokary netijeli sportuň,sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz etmekde,sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli şertleriň döredilýänligi üçin döwlet baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza köp köp sag bolsun aýdýarys goý olaryň janlary sag,ömürleri uzak bolsun.
Setdarberdi Rejepberdiýew
Sport klubynyň başlygy