
Täze ýylyň “ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň ilkinji aýynda ýurdumyzyň okgunly ösýän deňizçilik pudagy üçin ylmy gözleglere ukyply, çylşyrymly meselelere özbaşdak çözgüt tapyp bilýan zehinli deňizçileri ýüze çykarmak, ýaşlarda ýeňşe bolan erki terbiýelemek we gämi gurluşygynda dürli maksatly tejribäni paýlaşmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 27-nji Ýanwarynda “Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli “Ussat deňizçi” atly gämi maketleriniň bäsleşigi geçirildi.”
Oňa Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň “Suw ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň “Gämi sürüji” toparynyň 1-nji ýyl talyby Serdar Gurbanow we oňa ýolbaşçylyk eden uly mugallym Gyzylgül Gurbanowa dagylary “BAGTYÝAR” atly parom gämisiniň täsin maket-taslamasy bilen gatnaşdylar.
Bu bäsleşik talyp ýaşlarda ýenede täzeçe pikirlenmäge uly hyjuw döretdi, olarda ýokary jogapkärçilik duýuldy. Bäsleşikde baýrakly orna mynasyp bolan bäsleşigiň ýeňijileri we oňa işjeň gatnaşanlar “Hormat haty” we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.
Dabaraly çärede mugallym Gyzylgül Gurbanowa öz çykyşynda Harby deňiz institutynyň ähli talyplaryny Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, bäsleşige gatnaşan harby talyplary “Türkmen taýmylçylarynyň edermenligi” atly kitapçany sowgat berdi we Watana Şöhrat getirjek adamlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdi.
Kalby buýsançdan doly talyp ýaşlar Arkadagly Serdarymyza döredip beren ähli mümkinçilikleri üçin tükeniksiz alkyşlar bilen, bu bäsleşik tamamlandy.
Gyzylgül Gurbanowa
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary
institutynyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän “Suw ulagynyň
ulanylyşy” kafedrasynyň uly mugallymy