TÄSIRLI GEÇEN BAÝRAMÇYLYK SÖHBETDEŞLIGI

53 «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda» ýurdumyzda ýokary derejede bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “ARKADAGLY SERDAR BILEN, ÖŇE BARÝAR, BEDEW BATLY - WATANYM” atly aýdym-sazly dabara geçirildi.
Dabarada institutyň halypa mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklaryň dowamynda taplanyp, sünnälenen milli atşynaslyk sungatymyzyň has-da kämilleşmegi, türkmen atçylyk sportunyň halkara derejesinde ösdürilmegi, arassa ganly tohum atlarymyzyň dünýä dolan şan-şöhratynyň has-da belende göterilmegi baradaky çykyşlary öz täsirliligi bilen tapawutlandy.
Many-mazmunly çykyşlarda Ahal teke atlarynyň biziň günlerimize çenli öz arassa tohumlylygyny, sap ganlylygyny, owadan sypatyny, ýokary çapuw häsiýetlerini saklap gelmeginde biziň irki döwürlerde ýaşap geçen meşhur seýislerimiziň goşandynyň uludygy, ata-babalarymyzyň ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda kämilleşdirip dünýä gymmatlyklarynyň hataryna, iň bir kämil nusgada goşan ahal teke atlaryny ösdürip ýetişdirmegiň bir sungatdygy, şeýle hem geçmişde ahalteke atlarynyň asyrlar boýy kämilleşip gelmegine uly ýardam eden türkmen seýisçilik sungatynyň şu günki günde öwrenmäge döwrebap mesele bolup durýandygy barasynda aýratyn nygtaldy.
Dabaranyň dowamynda institutyň çeper höwesjeňleriniň türkmen bedewleri barasynda ýerine ýetiren aýdymdyr-şygyrlarynda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzyň geljege rowan ösüşleri has-da dabaralandy.
Bu geçirilen dabara, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
“Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy’ kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Salgymyz: 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheriniň, 
Büzmeýin etraby, Senagat köçesiniň 51-nji jaýy.

Telefon belgiler:
(+993 12) 39-26-20