GAZANAN ÜSTÜNLIGIŇIZ GUTLY BOLSUN!
49 «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda» ýurdumyzda ýokary derejede bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “BIR BELENT YKBAL SEN, ILLERE BEDEW” atly intellektual zehin bäsleşigi geçirildi.Ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşige Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan “Awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Aýnabat Şükürbaýewa, “Awtomobil ýollarynyň, köprüleriň we tonnelleriň gurluşygy, ulanylyşy we tehniki abatlanylyşy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Dawut Gurbanow, “Demir ýol ulagynda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Hajybibi Nazarowa hem-de “Demir ýol ulagyny awtomatlaşdyrmak we habardar etmek” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Gurbanmämmet Meredow dagylar gatnaşyp baýrakly I orna mynasyp boldular.
Emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda baýrakly orna mynasyp bolan talyplara Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de toparlaýyn 1-nji derejeli Diplom gowşuryldy.
Şu pursatda ýeňiş gazanan talyplarymyza geljekde uly üstünlikleri arzuw edýäris. Şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
“Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy’ kafedrasynyň mugallymy.