Gadymyýetde uly meşhurlyga eýe bolan beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda logistiki merkez hökmünde barha ornuny berkidýän Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň sebitara hem-de yklymlaýyn köpugurly gatnaşyklarynda durnukly ösüş üçin amaly şertleri döretmäge gönükdirilen, ylma we halkara tejribesine esaslanan, döredijilikli halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri baradaky strategiýasy yzygiderli ösdürilýär [1]. 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ulag we kommunikasiýalar toplumynda 2022-nji ýylda ýetilen sepgitlere seljerme berildi. Ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük we ýolagçy gatnawlaryň yzygiderli artýandygy bellenildi. 2022-nji ýylda ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçirlen ýük awtoulaglarynyň 40 müň 260-sy hasaba alyndy (Türkmenistan gazeti 11.02.2023ý, №38-39). Şeýlelikde, Sebit we yklymara söwda-ykdysady, medeni-gumanitar we beýleki gatnaşyklaryň, şeýle hem syýahatçylygyň ösüş geljegini nazara alyp, Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatlyklaryny diňe häzirki zaman derejesinde däl-de, eýsem geljegi kanagatlandyrýan derejede kämilleşdirmegiň zerurlygy döwrüň talabydyr.
Makalada Türkmenistanyň ulag-üstaşyr demir ýol geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak hem-de demir ýol pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasy ugurlaryny kesgitlemek meseleleriniň çözgüdine toplumlaýyn seljerme esasynda seredilip geçilýär. Demir ýol ulaglarynyň netijeligini kesgitlemekde esasy görkezijiler hökmünde ulanyş amatlylygy, ygtybarlylyk, ekologiýa, ergonomika, energiýa tygşytlylygy we beýlekiler saýlanyp alynmalydyr. Bildirilýän talaplara ýük we ýolagçy gatnawlarynyň ygtybarlygy, hereket edýän düzümleriň massalaryny we hereket tizliklerini artdyrmak, ýol ugrundaky serwis we beýlekiler degişlidir.
Köpugurly ulag ulgamynda ulaglaryň tehniki-ulanyş we ekologiki häsiýetleri boýunça demir ýol ulaglarynyň geljegi uludyr. Siwilizasiýanyň ösüş esaslarynyň biri hökmünde demir ýol ulaglarynyň dünýä jemgyýetiniň ykdysady we ekologiki bähbitleriniň ylmy taýdan esaslandyrylýan sazlaşygyny üpjün etmekde ygtybarlylygy ýokarydyr. Demir ýol ulaglary üçin zerur bolan iş meýdany, olaryň sarp edýän energiýasy, daşky gurşawy hapalama derejesi we çykarýan sesi azdyr. Beýleki ulaglar bilen deňeşdirilende iş ygtybarlylygy ýokarydyr. Iki ýolly demir ýollaryň tutýan giňligi 13.7 metr bolanda, alty zolakly awtoulag ýolunyň giňligi 37.7 metre deňdir. Demir ýol ulaglary energiýany suw ulaglaryna seredeňde 2...3 esse, howa ulaglary bilen deňeşdirilende 4...5 esse az sarp edýär.
Ýokarda bellenip geçişi ýaly, dürli howa şertlerinde demir ýol boýunça hereket, beýleki ulaglara görä iň bir ygtybarlylygy hem-de amatlylygy bilen tapawutlanýar. Demir ýol ulagy boýunça ýolagçy gatnawynyň we ýükleriň daşalyşynyň deň amatly şertlerde üç essä çenli arzan düşýändigi bellidir.
Geosyýasy hem-de geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşen, Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Köpugurly ulag-üstäşyr geçelgeleriniň geçirijilik kuwwatlyklary örän uludyr. Eger-de Tejen-Sarahs-Maşat halkara demir ýolunyň bir ýyldaky geçirijilik ukyby 3,5 million tonna, Demirgazyk-Günorta (Gazagystan-Türkmenistan-Eýran) trankontinental demir ýolunyňky-5...15 million tonna, Gündogar-Günbatar ugrundaky demir ýoluň (Ymamnazar-Kerki-Türkmenabat-...-Türkmenbaşy) mümkinçiliklerini-5 million tonna çenli edip alsak, onda ýurdumyzyň girdejisini, şol bir wagtyň özünde, özara bägbitli halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşini göz öňüne getirmek kyn däldir.
Demir ýol ulagynyň elektrik hereketli çekijilerini ulanmagyň amatlydygyny kesgitleýän esasy görkezijiler tablisada berilýär.
Tablisa. Demir ýol ulagynyň çekijilerini ulanmagyň amatlydygyny kesgitleýän esasy görkezijileri (Russiýa Federasiýasynyň iş tejribesinden)
T/b |
Görkezijiler |
IÝPÝH-li lokomotiw (teplowoz) |
Elektrik hereketlendirijili lokomotiw (elektrowoz) |
1 |
Daşalýan ýük bölegine (104 t-km.brutto) sarp bolýan energiýanyň udel ululygy, şertleýin ýangyç hasabynda |
52.1 |
41.8* |
2 |
Tehniki hyzmat we ýeňil abatlanyş çykdaýjylary, 100 müň t-km, (pul birligi) |
7.22 |
2.06 |
3 |
Tehniki hyzmat we ýeňil abatlaýyş işleri üçin zähmetiň sarp edilişi azalyşy |
1** |
2.0 |
4 |
Lokomotiwiň iş ygtybarlygy |
1** |
2.5-3 |
Bellik: *- merkezleşdirilen elektrik üpjünçiligi
**-deňeşdirme üçin şertleýin alynýar
Awtorlar tarapyndan ýerine ýetirilýän ylmy işde Türkmenistanyň demir ýol pudagyny halkara ähmiýetli multimodal ulag düzüminde häzirki zaman we geljegi nazarlaýan derejede döwrebaplaşdyrmakda, bildirilýän esasy talaplara görä, demir ýol elektrik hereketli ulag düzümleriniň funksional we gymmat taýdan deňeşdirmesi geçirildi. Demir ýol elektrik hereketli düzümleriň iş ygtybarlylyk we ekologiýa taýdan amatlylyk derejesi, ergonomika, tehniki ulanyş, hyzmat we ýeňil abatlanyş çykdaýjylary, energiýa üpjünçiligi, başlangyç maýa goýumlar we ykdysady taýdan amatlylyk derejesi esasy görkezijiler hökmünde bellenilip, olara teswirlenme berildi [5].
Türkmenistanyň demir ýol elektrik hereketli düzümlerini energiýa bilen üpjün etmek üçin, demir ýollaryň merkezleşdirilen ulgam arkaly elektrikleşdirilmegini, ilkinji döwürde tebigy gazda işleýän (ýa-da tebigy gazdan alynýan, ekologiki taýdan amatly wodorodda) elektrik stansiýalaryny ulanmak, soňy bilen energiýanyň alternatiw, ekologik taýdan amatly görnüşlerinden (günüň, ýeliň we ş.m.) peýdalanmaklyga geçmekligiň maksadalaýykdygyny ylmy seljermeler görkezýär.
Amandurdyýew Umbar Jumagulyýewiç
“Demir ýol ulagynyň hereket edýän düzümi” kafedranyň öwreniji-mugallymy,
Mämmedow Jumagylyç
“Demir ýol ulagynyň hereket edýän düzümi” kafedranyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty,
Gökow Goçmyrat Çaryýewiç
“Demir ýol ulagynyň hereket edýän düzümi” kafedranyň mugallymy,
Babaýewa Tylla Gurbanberdiýewna
“Demir ýol ulagynyň hereket edýän düzümi” kafedranyň öwreniji-mugallymy,