“Türkmenhowaýollary” agentliginde bäsleşik geçirildi!

Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny mundan beýläk-de ösdürmekde, ykdysady-maliýe görkezijilerini ýokarlandyrmakda ylymly-bilimli, başarnykly hünärmenleri seçip-saýlap almakda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Türkmenistan awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýet we dolandyryş institutlarynyň talyp ýaşlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi.

Bäsleşige gatnaşan talyplar, Türkmenistanyň halkara howa menzilleriniň girdejilerini artdyrmak maksady bilen, goşmaça hyzmatlary girizmek, Türkmenistanyň howa giňişliginden üstaşyr uçup geçýän we “Türkmenhowaýollary” agentliginiň halkara howa menzillerine gonýan daşary ýurt howa gämileriniň sanyny artdyrmak hem-de  Türkmenistanyň howa giňişligini netijeli ulanmak, multimodal logistikany ýola goýmak we üstaşyr gatnawlar üçin amatly şertleri döretmek bilen gelip gowuşýan daşary ýurt pulundaky serişdeleri artdyrmak şeýle hem awiakompaniýany dolandyrmakda we ýolagçylara edilýän hyzmatlary artdyrmakda sanly ulgamy, sanly ykdysadyýeti giňişleýin ornaşdyrmak ýaly temalar boýunça öz tekliplerini “Türkmenhowaýollary” agentligine hödürlediler.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan hem birnäçe talyp ýaşlar bu bäsleşige gatnaşyp , gowy netijeleri görkezdiler. Olardan Ykdaysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetinden talyplar Hamraýewa Saida we Çaryýewa Merjen ylmy ýolbaşçysy uly mugallym, y.y.k., Annagurbanowa B, Ulaglar fakultetinden talyp Amanmämmedow Baýmämmet, ylmy ýolbaşçysy mugallym Nyzaýgeldiýew. H, talyp Joradurdyýew Şöhrat, ylmy ýolbaşçysy mugallym Hamraýew. B, talyplar Haýtgulyýew Möwlam we Orazowa Bagtygül, ylmy ýolbaşçysy uly mugallym Aýnazarowa O. Bäsleşige gatnaşan talyplar halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ýokarda görkezilen temalar boýunça öz tekliplerini nutuk we prezentasiýa görnüşinde taýýarladylar.

    Bäsleşigiň netijeleri boýunça institutymyzyň “Ulaglar” fakultetiniň “Howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Joradurdyýew Şöhrat “Awiakompaniýany dolandyrmakda we ýolagçylara edilýän hyzmatlary artdyrmakda sanly ulgamy, sanly ykdysadyýeti giňişleýin ornaşdyrmak” atly nutugy bilen üstünlikli çykyş edip, beýan eden teklibi esasynda aýratyn tapawutlanyp “Türkmenhowaýollary” agentliginiň baýrakly ornyna mynasyp boldy.

      Şeýle hem bäsleşige gatnaşan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ähli talyp ýaşlaryna, ýolbaşçylyk eden mugallymlar düzümine Türkmenistanyň Prezidentiniň Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýobaşçylygynda bilim ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek, ylymly, bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, sanly bilim ulgamyndan, innowasiýalardan, häzirki zaman tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, giň gözýetimli, kärine ussat, döwrebap ýokary bilimli ýaş hünarmenleri taýýarlamak boýunça ýurdymyzda uly tutumly işleri durmuşa geçirilýändikleri üçin “Türkmenhowaýollary” agenliginiň adyndan  minnetdarlyk bildirildi.

Hajymämmet Nyýazgeldiýew  Institutymyzyň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy