Türkmen – Rus gatnaşyklary uzaýar

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiz daşary ýurtlar  bilen hoşniýetli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Şol gatnaşyklary has-da berkitmek maksady bilen, möhüm çäreler durmuşa geçirilýär.  

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň  ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Deňizçilik orta hünär okuw mekdebine rus dilindäki 500-e golaý okuw-usuly gollanmalary we ylmy populýar edebiýatlar sowgat berildi. Okuw materiallaryny gowşurmaga bagyşlanyp geçirilen bu çärä  Russiýanyň ilçihanasynyň Türkmenbaşy şäherindäki konsullyk bölüminiň müdiri Mergen Wladimirowiç Jewakow gatnaşdy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän “Suw ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynyň uly mugallymy Gyzylgül Gurbanowa hem bu dabaraly çärä çagyryldy.

 Gyzylgül Gurbanowa öz çykyşynda kafedranyň mugallymlarynyň adyndan Russiýanyň wekillerine bilim ulgamynda  şular ýaly peýdaly we wajyp çäräniň Türkmenbaşy şäherinde ilkinji gezek geçirilýändigini aýratyn belläp geçdi we  minnetdarlyk sözlerini aýdyp, hoşniýetli türkmen-rus gatnaşyklary taryhy köklerden alyp gaýdýandygyny belläp, ozalky bütin Sowet Soýuzyna belli bolan, owazy äleme dolan, taryhyň ýagty sahypalarynda galan şöhratly ýörişler barada aýdyp, minnetdarlyk hökmünde “Asyrlaryň jümmüşinde galan atly ýöriş” we  “Türkmen taýmylçylarynyň edermenligi” atly kitapçalary sowgat berdi.

Kalby buýsançdan doly talyp ýaşlar Arkadagly Serdarymyza döredip beren ähli mümkinçilikleri üçin tükeniksiz alkyşlar bilen, bu dabaraly çäre tamamlandy.

 

Mähriban Gurbanowa

Institutyň Türkmenbaşy şäherinde

 ýerleşýän “Suw ulagynyň ulanylyşy”

  kafedrasynyň talyby