
Terbiýäniň gözbaşy maşgaladan başlanýar diýilişi ýaly, ene-mamalarymyz öz gyz perzentlerine ýaşlykdan haly dokamany öwredipdirler. Onuň üsti bilen bolsa sabyrly, kanagatly, tutanýerli bolmak , jogapkärçilikli duýmak ,bir-biregi sylamaklygy,ula hormat goýmagy ýaly türkmen gyzlaryna mahsus bolan edep-ekramy, gylyk-häsiýeti öwredipdirler.
Haly gözelligiň dowamatydyr. Türkmen halysy türkmen ojagyny bezeýän gözellikleriň biridir.Halk arasynda “Halysy köp öýüň“ bereketi köp diýen paýhas bar. Bu bolsa türkmen halysy diňe bir gözellik nusgasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem bolçulygy hem aňladýandygyny görkezýär. Halylaryň çitimlerinden döreýän gudraty synlanyňda mukaddes ojagyň buýsanjy bolan enelerimiziň, göz guwanjy gyz gelinlerimiziň näderejede ukyp başarnyklydygyna göz ýetirýäris.
Türkmen milli halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň BMG-nyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň YUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy ene-mamalarymyzyň, gelin gyzlarymyzyň çeken zähmetine goýulýan hormatdyr.
Zenan yhlasyny, dünýägaraýşyny, ýürek arzuwlaryny göllerdir nagyşlaryna siňdiren halylar bize ata-babalarymyzyň “Öý haly ýazylan ýerden başlaýandyr”-diýip aýdyp geçen ýaşaýyş gymmatlyklary hakynda düýpli düşünjeleri berýär. Nepisligi, inçeligi, ýüpek ýaly ýumşaklygy, dürli öwüşginli lowurdysy, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary, diline, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsi jemlenendir.Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Janly rowaýat” kitabyndaky haly barada şele sözleri mysal getirmek ýerlikli bolar: “Göräýmäge hemme zat ýönekeý ýaly, sapak yzyndan sapak, çitim yzyndan çitim. Ýeri, onda bu el hünärdäki “jan”? Ol matalyň çözgüdi nirde – zenan elleriniň döreden “kalp” nireden ýüze çykdy? Halyny ýüwürdeniňden tä kesýänçäň agyr zähmeti, irginsizligi, erjelligi, ünsüňi jemlemegi hereketinde örän takyklygy, hereket timarlygy talap edýär. Şol bir wagtyň özünde-de çalasynlygy, çeýeligi talap edýär. Arfa çalýan zenanlar ýaly, halynyň erişlerine ýeňil we emaý bilen kakyp, halyçylar ondan hakyky sazy döredýärler”.
“Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary” institutynyň talyp gyzlary hem-de mugallymlary bilen bilelikde Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenje gitmegimiz, milli medeni gymmatlyklarymyza çäksiz sylag hormat goýulýandygynyň alamaty. Talyplaryň muzeýdäki gigant halylary, gadymy eserleri we häzirki döwrüň halylary hem-de haly önümleri bilen golaýdan tanyşmaklary milli medeniýetimize, halyçy zenanlarymyzyň zähmetine bolan buýsanç duýgylarynyň çäksizdigini aýdyň görkezdi. Öz ýürek buýsançlaryny dutar astyndaky aýdymlar, goşgular, aýdyşyklar bilen wasp etdiler.
Türkmen haly sungatyny ösdürmekde giň ýol açyp, nesilden nesle geçirmäge uly mümkinçilikleri döredýän, at-owazasyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Institutyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy Baýramgül Kulyýewa