TALYPLARYŇ NAZARY ALAN BILIMLERI KÄMILLEŞÝÄR

Bilim ojagymyz bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda döwrüň talabyna laýyk hünärmenleri taýýarlamakda, talyplary ylmy-barlag işlerine we önümçilik bilen bagly barlag işlere köpçülikleýin çekmekde, olarda ylmy-barlaglara gyzyklanma döretmekde, alnyp barylýan işleriň esasy netijesiniň bolmagy ugrunda professor-mugallymlar uly göwrümli işleri alyp barýarlar. Şu işleriň içinde kafedralarda döredilýän we işleýän ylmy gurnaklar aýratyn orun tutýar. Gurnaklarda nazary we amaly ähmiýetli meseleleri goýmak we çözmek talyplaryň degişli ugurlar boýunça biliminiň artmagyna we çuňlaşmagyna, tejribeleri guramak we geçirmek üçin usuly endikleriň kemala gelmegine, ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmegiň iň öňdebaryjy usullaryny öwrenmeklerine, informasion tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanmak we gerekli maglumatlary tapmak, saýlamak, almak we işlemek ýaly häzirki zaman ylmy medeniýeti özlerinde terbiýelemäge ýardam berýär. Gazanylýan netijeleri ylmy-amaly maslahatlarda çykyşlar arkaly beýan edip, ara alyp maslahatlaşmak, makalalar taýýarlamak we çap etmek, bäsleşiklere hödürlemek talyplaryň gurnaklardaky işlere höwesleriniň has-da artmagyna getirýär.

Ýokary okuw mekdebinde maddy-tehniki binýady dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen, okuw tejribelikleri geçirmek üçin döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan tejribehanalarda işleri talaba laýyk alyp barmak babatynda hem giň göwrümli işler alnyp barylýar.

Ýakynda, ýokary okuw mekdebimiziň “Fizika” hem-de “Suw üpjünçiligi we arassalaýyş” tejribehanalarynda Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň mugallymlary tarapyndan döwrebap tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanmak, gerekli maglumatlary tapmak, saýlamak we işlemek ýaly häzirki zaman ylmy medeniýeti talyplarda terbiýelemek maksady bilen senagat ulgamynyň dürli meselelerini öz içine alýan okuw tejribelik sapaklary geçirildi.

Geljekde senagatymyzyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ulgamynda zähmet çekjek ökde hünärmenleri taýýarlamakda Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda guralýan bu döwrebap okuw tejribeliklerinde bilim bermegiň täze usullary we maglumat tehnologiýalary giňen ulanylýar. Şunuň ýaly döwrebap okuwlar talyplaryň geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine hem-de talyplaryň halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine üstünlikli gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemeklerine uly mümkinçilikleri döredýär.

Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.