TALYPLARYMYZYŇ HALKARA INTERNET OLIMPIADASYNDAKY ÜSTÜNLIGI

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň işini halkara derejä çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda halkara bäsleşikler yzygiderli guralýar. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň fewral aýynyň 24-ne sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ylym-bilim babatynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, 2023-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň gurnamagynda “Nazary mehanika” dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu halkara internet olimpiadasy 2023-nji ýylyň 27-nji martyndan 1-nji apreli aralygynda dowam etdi.

Bu olimpiada 479 talyp — Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 16-syndan ýaşlaryň 131-si, 16 döwletiň 59 ýokary okuw mekdebinden bolsa 348-si gatnaşdy. Bäsleşik şahsy we toparlaýyn görnüşde geçirilip, gatnaşyjylar sekiz meseläniň çözgüdini tapmakda bäsleşdiler.

 «Nazary mehanika» dersiniň «Statika» bölümine degişli iki, «Kinematika» bölümine degişli iki we «Dinamika» bölümine degişli dört mesele berildi. Bäsleşigiň gidişine “Google Meet” programma üpjünçiligi arkaly gözegçilik edildi. Ýeňijiler şahsy we toparlaýyn görnüşde hasaba alnyp, meseleleriň dogry ýerine ýetiriliş derejesine baglylykda toplan utuklarynyň jemi boýunça kesgitlener.Toparlaýyn bäsleşige gatnaşyjylar nazary mehanika dersiniň dürli bölümlerine degişli bäş meseläni çözdiler. Ýumuşlary çözmek üçin 240 minut wagt berildi.

Ýeňijiler şahsy we toparlaýyn görnüşde hasaba alnyp, meseleleriň dogry ýerine ýetiriliş derejesine baglylykda, toplan utuklarynyň jemi boýunça kesgitlendi. Olimpiadanyň şahsy görnüşinde 27 ýeňiji bolup, olardan 11 sanysy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr.

 Nazary mehanika dersi boýunça geçirilen bu Halkara internet olimpiadada institutymyzyň talyplar topary, toparlaýyn bäsleşikde degişlilikde 1-nji , 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp boldylar.

Biziň zähmet çekýän ýokary okuw mekdebimiziň Mehanika - tehnologiki fakultetiniň Göteriji, äkidiji ýöriteleşdirlen maşynlar we enjamlar hünäriniň "B" toparynyň 5-nji ýyl talyby Ýazmuhammet Möwlamow hem birinji orny eýeledi. Şahsy bäsleşigiň gutarnykly netijesi boýunça şu aşakdaky görkezjileri görkezdi: S1-2,5; S2-4; K1-7; K2-6; D1-9; D2-(-); D3-6; D4-9 jemi 43,5 utuk toplady.

Şeýle hem, ýokary okuw mekdebimiziň talyplary Yhlas Gylyjow 25 utuk görkezip degişlilikde 2-nji orna mynasyp boldy. Kasym Merdanow 18 utuk toplap degişlilikde 3-oruna mynasyp boldy. Döwletgeldi Allaberdiýew hem 12,5 utuk toplap 3-nji orna mynasyp boldy.

«Nazary mehanika» dersi boýunça internet olimpiadalarynyň yzygiderli geçirilmegi ýurdumyzda okgunly ösýän senagat pudagynda innowasion tehnologiýalary netijeli ulanmaga we ýüze çykýan çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam berdi.

 

Ogulbaýram HATJYÝEWA,

                      Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.