Kalplarymyza mähir paýlan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» her bir güni özüniň ýatdan çykmajak pursatlary bilen kalbymyza altyn harplar bilen ýazylýar. Döwrüň ajaýyplygy, bagtyýarlygy Arkadagymyzyň belent maksatlaryndan, beýik başlangyçlaryndan öz gözbaşyny alyp gaýdaýar. Türkmen halkynyň abraý mertebesini belende göteren hormatly Prezidentimiziň aýdyň maksatlary, beýik başlangyçlary bagtyýar zamanamyza öz nuryny saçýar.
Ýurdumyzda bilim syýasatynyň çäklerinde zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň alýan bilimlerini çuňlaşdyrmak maksady bilen, ders, taslama we ylmy bäsleşikler geçirilýär. Talyp ýaşlaryň ylym-bilim dünýäsinde öz zehinleri, ukyp-başarnyklary bilen ýeňişli ýollara gadam basmaklary hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesidir. Ýaş nesliň döwrüň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikler öz miwesini berýär. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gahryman Arkadagymyz döwletimizi öňe sary alyp gitjek ýaşlarymyza uly ynam bildirýärler.
«Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip Arkadagly Serdarymyz belleýär. Şu ýylyň başyndan bäri Tûrkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzyň talyp ýaşlarynyň gazanan üstünlikleri munuň şeýledigini aýdyň görkezýär.
Ýaňy ýakynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda makroykdysadyýet boýunça Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen bir hatarda, birnäçe daşary ýurtly talyplar hem gatnaşdylar.Olimpiadada jemi 25 sany baýrakly ýer yglan edilip, olardan 9-sy birinji, 9-sy ikinji we 7-si üçünji ýerden ybarat boldy.
Açyk halkara internet olimpiadasyna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplar topary hem işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Çylşyrymly makroykdysadyýet boýunça meseleleri berlen wagtyň dowamynda doly we dogry ýerine ýetirip, institutyň Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalary fakultetiniň Logistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby Nazar Seýidow 85 bal toplap baýrakly ikinji orna mynasyp boldy. Şeýle hem sanly ulgam arkaly geçirilen bu olimpiadada, institutyň Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalary fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň 2-nji ýyl talyby Arzuw Borjakowa 60 bal toplap 3-nji orna mynasyp boldy. Bu bolsa eziz Diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň ajaýyp miweleriniň biridir.
—Arkadagly Serdarymyzyň bilim alýan talyp ýaşlaryň ýürek buýsançlaryny diňlemegi watanymyzyň geljegini dowam etmeli talyp ýaşlara uly ynam bildirilmegi talyp ýaşlarda öz saýlan ugurlaryna çäksiz söýgüni artdyrýar. Ýürekden çykýan söz mydama ýürekde uly orun tutýar. Bu ajaýyp pursatlar bolsa ykballara uly many gatýar. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda biz ýaşlara döwrebap bilm almaga ähli mümkinçilikler döredilendir-diýip talyp ýaşlar öz ýürek buýsanjyny etdiler.
Ýaşlara döwrebap ylym-bilim almaga, ylmy işleri alyp barmaga, öz ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin alym Arkadagymyza çyn ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Ogulbaýram HATJYÝEWA,
Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.