SEÝILGÄH SUNGATYNYŇ GÖZBAŞY WE ŞU GÜNI

Berkakar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilatyň ýaşaýyş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, milli ykdysadyýeti düýpli özgertmek we çalt depginler bilen ösdürmek boýunça edýän taýsyz tagalalary Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň düýbüni tutdy. Ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşinde daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanylmak, olary dikeltmek, medenileşdirmek, goramak ilatyň sagdyn ýaşamagy üçin amatly şertleriň döredilmegine göniden-göni baglydyr.

Şäherleriň we obalaryň daş görnüşleri, olaryň binagärlikde aýratynlyklary, şäher meýilnamasynyň gurluşy hem-de inžener – ýollar we abadançylyk işleri geçirmek bütinleý landşaft bilen täsin baglanşyklydyr. Seýilgäh sungaty - bu ýaşyl otluk meýdançada taslamanyň, ýagty kölege teoriýasynyň, perspektiwanyň we tebigy ösümlikleriň, suwuň, topragyň kömegi bilen  seýilbagy döretmekdir. Ol landşaft binagärliginiň esasy bolup durýar. Başga sözler bilen aýdylanda binagärlik tilsimleriniň üsti bilen çeperçilik ideýalaryň sintezi, bagçylyk, şähergurluşyk, amaly haşam we beýleki sungatlar bilen baglanyşýar.

Bag-seýilgäh sungatynyň Gadymy döwürden häzirki döwürimize çenli birnäçe gurluşuk usullary we çeperçilik ugurlary ýüze çykyp gelipdir. Landşaft binagärliginiň obýektleri öz köküni Pars Müsür, Assiriýa Wawilon we Hytaý döwletleriň  müňýyllyklaryndan göz başyny alyp gelýär. Gadymy taryhçylaryň, fiosoflaryň hat-da ýazyjylaryň eserlerinde seýilgähler we baglar barada traktatlar biziň häzirki günlerimizde-de duş gelýär. Mysal üçin gadymy grek filosofy Platon özüniň mil. öňki XII müňýyllyga degişli “Atlantida” atly rowaýatynda Poseýdon ybadathanasynyň daş töwereginde birnäçe seýilbaglaryň bolandygyny ýazýar.

Mundan başgada seýilgäh sungaty arheologlaryň dürli döwürlerdäki  gazuw agtaryş işlerinde seýilbaglar barada ýüze çykan gyzykly maglumatlaryň ähmiýeti örän uludyr.  Bu açyşlar seýilgähleriň gurluşyk usullaryny, olaryň kanunyny, sistemasyny, estetiki basgançagyny we tehnologik prinsiplerini baglanyşdyrdylar. Bag-seýilgäh sungaty birnäçe meseleleri öz içine alýar. Onuň esasy düzümine seýilgäh obýektlerini estetikanyň beýik derejesine, mikroklimat we sanitar-gigiýena özboluşlylygyna täze pikirleriň ýüze çykmagyna gönükdirmekden ybarat. Bag-seýilgäh sungatynyň spesifikasy tebigat, klimat bilen materiýaly baglanyşdyrmakdan durýar. Meselem: geoplastiki relýef, hereketsiz we hereketdäki suw, öz durkuny üýtgedip durýan flora we klimat girýär.

Seýilgähleriň formasy birnäçe stilleriň ýüze çykmagynda filosofiýa, edebiýat, nakgaşçylyk, şähergurluşyk, binagärlik, milli däpler we ekologiýa ylymlar bilen arabaglanyşýar. Bu ylymlar her döwürde adam bilen tebigatyň gatnaşygyny üýtgedip durýar.

Meselem: seýilgäh gurluşygynda çeperçilik-ideýasy we konsepsiýalary döwrüň stilini ýüze çykarsa, binagärlik bolsa göwrüm taslama tilsimlerini we prinsiplerini ulanýar. Landşaft binagärligi nakgaşçylykdan perspektiwanyň kanunyna laýyklykda şekillendirişiň reňkli taslamasyny alsa, amaly haşam sungatyndan giňişligiň imitasiýasynyň kanuny, edebiýatdan- emosional assosiýasiýanyň semantika bolan garaýyşlaryny (emosional meňzeşlik boýunça baglanşygyny semantika-manysyny), bagbançylykdan - gurluşyk materialyny we tebigy ösümlikleriň peýdalylygyny özünde jemleýär.

Bag-seýilgäh gurluşygynda ekologiýa iki dürli häsiýetde bolýar. Ol ösümligiň ekologiýasy we adamyň ekologiýasydyr. Birinji agzalanda esasy ösümliklere amatly şert döretmek, ikinjisinde adama komfort derejäni temperaturany, howanyň çyglylygy, şemalyň režimy we insolýasiýa (günüň şöhlesi) döretmekdir. Meselem demirgazyk ýerlerde howanyň sowuklygy adamda ýakymsyz täsir galdyrmaz ýaly olara günden ýylylyk beriji we sowuk şemmalardan goranmak üçin giňişlikleri döretmeli. Şeýle hem tersine yssy klimatly ýerlerde kölege, salkynlyk üçin suw howuzlary göz öňüne tutmaly.

Bag-seýilgäh sungatynda halkyň milli däpleri hem düýpli orny eýeleýär. Bu hem halk aýdymlarynda külalçylykda we senetçilikde netjarçylykda  şekillendirilýän nagyşlaryň düzüminde aýdymlarda goşgularda el yzyny galdyrýar.

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak bilen bagly syýasaty jemgyýetiň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýyşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler dünýä jemgyýetçiliginiň durnukly ösüş syýasaty halkara derejesinde ykrar edilýär.  Öňden görüjilikli we toplumlaýyn bu syýsatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan Watanymyz gün-günden  gözelleşýär, bagy-bossanlyga öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde, sebitde ilkinji «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurlup ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen tebigatynyň gözel ýerleriniň biri bolan Köpetdagyň eteginde bina edilýän Arkadag şäherinde «ýaşyl», sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär. Bu ýerde ekologiýa abadançylygy ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipäniň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.

Bu şäher diňe bir ýurdumyzyň obalary we şäherleri üçin däl, eýsem sebit döwletleri üçin hem ekologiýa taýdan arassa şäheriň nusgasy bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, ata Watanymyzyň abraý-mertebesini bütin dünýäde dabaralandyrýan, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny halkara ölçeglere laýyklykda ösdürýän hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri diňe rowaçlyklara beslensin!

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

“Inženerçilik ulgamlary we torlary” kafedrasynyň

mugallymy Toşşyýewa Jennet Döwranowna

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyby

Toşşyýewa Oguljahan Döwranowna