HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR
BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň
täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy.
Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent
maksatlary goýduk.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýet munuň özi internetiň mümkinçiliklerine daýanýan, ykdysady nusgadyr. Şonuň üçin-de onuň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, jemi içerki önümini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini ýokarlandyrmakda ähmiýeti uludyr. Şeýle bolansoň, sanly ykdysadyýete durnukly ösüşiň iteriji güýji, girewi hökmünde garalýar. Mysal üçin, internetiň üsti bilen öndürijilere, alyjylara öz harytlaryny we hyzmatlaryny hödürläp bilýärler. Şeýle tehnologiýalar ýeke bir söwda, önümçilik we hyzmatda däl-de, dolandyryş işlerinde hem giňden peýdalanylýar. Bu serişdeleriň ulanylmagy zähmet bilen birlikde wagtymyzy-da tygşytlaýar.
Aslynda, sanly ykdsadyýet diýen adalga ilkinji gezek 1995-nji ýylda Günbatar ýurtlarynda giňden ýaýrap başlady. Hususan-da, hyzmat ediş ulgamlardaky işleri öz içine almak bilen wagtyň we harajatyň onlarça esse azalmagyna mümkinçilik berdi. Soňky maglumatlara görä, ony ulanýan ýurtlarda köp mukdarda serişde tygşytlanyldy, ykdysadyýetiniň durnukly ösüşi gazanyldy. Günbataryň köp ýurtlary tölegleri nagt däl hasaplaşyklarda amal edýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýurdumyzda hem sanly ykdysadyýetiň bu mümkinçiliklerinden oňaýly peýdalanylýandygyny guwanç bilen belläp geçesim gelýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi barha giňeýär. Sanly ykdysadyýete geçmek köp babatda jemgyýet üçin uly eşretdir. Ol adamlaryň mümkinçiliklerini artdyrýar, işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Ösüşimiziň ygtybarly guraly bolan sanly ykdysadyýetiň ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda ähmiýeti uludyr. Goý, eziz Diýarymyzy we mähriban halkymyzy agzybirlikde rowana ak, ajap ýollar bilen ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Babageldi Ismailow,
Çyzuwly geometriýa we inženerçilik
grafikasy kafedrasynyň müdiri.