Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda sport ulgamynyň hem giň gerim bilen ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Milli Liderimiz, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňde goýlan belent sepgitlere ýetmek, wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, ýurtda bu ugurdaky hereketleriň täze usullary kemala getirilýär, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine uly goşant goşulýar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatdyr şäherlerinde gurlup ulanylmaga berilýän sport desgalary bedenterbiýe we sport pudagynyň maddy enjamlaýyn esaslaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Türkmen türgenleriniň sebit we halkara ýaryşlarynda gazanýan ynamly ýeňişleri bolsa, döwlet derejesinde alnyp barylýan syýasatyň ajaýyp miweleridir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem talyp ýaşlarymyzyň sport bilen ýakyndan meşgullanmaklaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara derejeli türgenleriň onlarçasy ýokary bilim almak bilen, olaryň halkara derejesinde bina edilen sport desgalarynda türgenleşikleri yzygiderli esasda geçmekleri üçin ähli şertler bar.
Mahlasy, sport ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler sport ussatlygynyň ýokary derejelere çykmagyna ýardam berýär.
Ýurdumyzyň inženerçilik ugurly baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem ýaş türgenleriň täze nesliniň kemala gelmegi babatda uly işler amal edilýär. Milli Liderimiziň “Sagdyn beden – sagdyn ruh” ýörelgesini şygar edinýän talyp türgenlerimiz ýokary amatlyklary bolan sport zallarynda türgenleşik işlerini alyp barýarlar. Bedenterbiýäniň we sportuň möhüm kadalaryna berk eýermek esasynda alnyp barylýan türgenleşikler özüniň oňyn netijelerini hem berýär.
2024-nji ýylyň fewral aýynda geçirirlen Uniwersiýada ýaryşlarynda institutymyzyň talyp türgenleriniň gazanan üstünlikli netijeleri:
1.Sportuň Badminton görnüşi boýunça 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 19-24-i aralygynda geçirilen 13-nji Uniwersiýadada Demir ýol ulaglary fakultetiniň talyp türgeni Nurmyradow hem-de Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň talyp türgeni Gurbanow Isamyrat baýrakly 3-nji orna mynasyp bolmagy başardy;
2. Sportuň Erkin göreşi boýunça 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 23-27-i aralygynda geçirilen 13-nji Uniwersiýadada Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň talyp türgeni Artykow Maksat 65 kg agram derejede 3-nji orna mynasyp boldy;
3. Sportuň Erkin göreşi boýunça 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 23-27-i aralygynda geçirilen 13-nji Uniwersiýadada Sportuň Boks görnüşi boýunça 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 23-27-i aralygynda geçirilen 13-nji Uniwersiýadada Ulaglar fakultetiniň talyp türgeni Orazgulyýew Berdimyrat 3-nji orna mynasyp boldy Akmuhammedow Mergen 74 kg agram derejede 2-nji orna mynasyp boldy;
4. Sportuň Erkin göreşi boýunça 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 23-27-i aralygynda geçirilen 13-nji Uniwersiýadada Demir ýol ulaglary fakultetiniň talyp türgeni Mätjanow Käbe 57 kg agram derejede 1-nji orna mynasyp boldy;
5. Sportuň Boks görnüşi boýunça 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 23-27-i aralygynda geçirilen 13-nji Uniwersiýadada Ulaglar fakultetiniň talyp türgeni Orazgulyýew Berdimyrat 3-nji orna mynasyp boldy;
6. Sportuň Boks görnüşi boýunça 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 23-27-i aralygynda geçirilen 13-nji Uniwersiýadada emagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň talyp türgeni Babaýew Muhammet 3-nji orna mynasyp boldy.
Ýeňişlerini uly ruhubelentlik bilen baýram edýän talyp türgenleriň maksady aýdyň, ümzügi diňe öňe!!!
Setdarberdi Rejepgeldiýew
Institutyň sport klubynyň başlygy