Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda türkmen halky ýene bir milli baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramyny belleýär. Milli bahar baýramy-Halkara Nowruz güni Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda giňden bellenilýär.
2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlylaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Nowruz baýramy gadymy döwürlerden bäri bellenilýän baýramlaryň biri. Ol güneşli howanyň we baharyň gelmegini alamatlandyrýar. Çünki daşky tebigat janlanýar, ýaşyl dona bürenýär. Täze başlangyçlaryň wagtyny aňladýar.
2010-njy ýylda BMG-y tarapyndan Nowruzyň halkara derejesindäki baýram diýlip yglan edilmegi bu baýramyň döreýşi hem bellenilişi baradaky maglumatlaryň içgin öwrenilmegini has-da artdyrdy.
Nowruz bilen bagly däp-dessurlardan bolan şaman ot ýakmak we otdan bökmek, Äşe-Patmanyň tagamy-semeni bişirmek däbi, suw sepmek däbi barada hem halk arasynda ajaýyp rowaýatlar bar.
Ruhy-medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýanyna öwrüldi. Häzirki wagtda milli Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary bilen ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy-Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Nowruzyň taryhyny ekerançylygyň irki ojaklary bilen baglanyşdyryp öwrenmek maksada laýyk bolar. Eger-de Nowruzy ilkinji nobatda, tebigatyň täzelenilişi, ekerançylyk işleriniň başlanyşy bilen baglanyşdyrýan bolsak, onda bu baýramyň gözbaşyny hut biziň şu bereketli topragymyzdan gözlemelidiris.
Bu baýram bilen ähli mugallymlary, talyp ýaşlary tüýs ýürekden gutalaýaryn.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda zähmet çekýän Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň başy dik, alyp barýan işleri mundan bäýläk-de rowaç alsyn!
Gülşirin Gürjanowa
Suw ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy