NOWRUZ GELDI ÄLEME....

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe gözel görki gül açýan, eziz Diýarymyz gün-günden ösýär, özgerýär. Hormatly Gahryman Prezidentimiziň başda durmagynda  eşretli durmuşyň hözirini görýän halkymyzyň her bir güni şowhunly, şatlykly toýlara beslenýär, toýlarymyz goşa-goşadan gelýär. Türkmen topragynda togsan dolup, ýere ýyly gitmegi bilen, tebigat gaýtadan janlanyp, sowuk gyş ornuny bahara berdi. Pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen tutuş tebigat janlandy. Ajaýyp dünýäli bahar nurana baýramlaryň biri bolan Nowruzyň gelendigini buşlap, kalbymyzy iň gowy duýgulara gaplady.

 “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halky özüniň asyrlardan gelýän, täze öwüşgine eýe bolan Nowruz baýramyny Ahal welaýatynyň ajaýyp gözelliklere beslenen “Nowruz” ýaýlasynda ulydan tutup, döwlet derejesinde dabaraly, şatlykly belledi. Ol ýerde gazanlar atarylyp, dürli tagamlar taýýarlanyldy hem-de milli senetlerimiziň sergileri guraldy. Ýurdumyzyň belli aýdymçy sazandalary bolsa, iň gowy aýdymdyr sazlary bilen halkyň göwnüni göterdiler.

Baýramçylyk mynasybetli ýokary okuw mekdebimiziň halypa mugallymlarynyň hem-de talyplaryň gatnaşmagynda “Nowruz” ýaýlasynda gezelenç gurnaldy. Talyplar asyrlaryň dowamynda pasyllaryň soltany bolan baharda rysgal-berekedi bilen topraga ýaşyl begresini ýazýan sahawatly Nowruz baýramynyň ähmiýeti hem-de däp-dessurlary barasynda giň maglumatlary aldylar. Gezelenjiň dowamynda hormatly Gahryman Prezidentimiziň başlangyjy esasynda halkymyzyň gadymyýetden gözbaşly we hemişe rowaçlyga beslenen asylly işleri hem-de milli ýörelgelerimiz barada teleýaýlymlara çykyşlar boldy.

Bu geçirilen baýramçylyk gezelenji, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.