Maý aýynyň ilkinji günlerinde her ýyl uly dabara bilen 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş güni bellenilýär. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Watan üçin şiin janyny orta goýan mert, gaýduwsyz, edermen ata-babalarymyzyň, gerçeklerimiziň görkezen gahrymançylygy bilen gazanylan Beýik Ýeňşe 76 ýyl dolýar. Watansöýüjiligiň ajaýyp nusgasyny nesillerimize miras goýan gahryman gerçeklerimiz, şeýle-de milli gahrymanlarymyz her bir türkmen raýatynyň kalbynda orun alandyr.
Bu şanly baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty abadançylygyň aýdyň ýoludyr” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň umumy mejlisinde diňlenilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň sebitiň durnukly ösüşine täsiri hakynda, şeýle hem Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen halkynyň ýowuz kynçylyklary özleriniň gaýduwsyz we tutanýerli zähmeti bilen ýeňip geçişleri barada aýdyň beýan edildi.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahat soňra öz işini birnäçe bölümlerde dowam etdi. Maslahatyň I bölümi “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty dabaralanýar”, II bölümi “Türkmenistanyň ykdysadyýetine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ylmy esaslary”, III bölümi “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ulag-logistika ulgamynyň ösüşiniň ylmy esaslary”, IV bölümi “Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy we takyk ylymlaryň orny” şeýle hem V bölümi “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasy” durmuşa geçirilýär” diýlip atlandyryldy.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahat oňa gatnaşan talyplarda hem-de professor-mugallymlarda uly täsir galdyrdy we okamaga, işlemäge, bagtyýar ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredýän Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny aýtdylar.
Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugllymy.