MILLI GYMMATLYKLARYMYZY ÝAŞ NESILLERIMIZE ÖWRETMEK BAŞ WEZIPÄMIZDIR

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli sungat gymmatlyklary bolan hem-de arheologik tapyndylara we etnografiýa maglumatlaryna baý bolan muzeýlerimiz halkymyza hyzmat edýär. Muzeýlerimizde milletiň ruhy we medeni mirasyny gorap saklamak, türkmen halkynyň taryhynyň esasy bölegi hasaplanýan gadymy däpleri geljek nesillere ýetirmek maksady bilen  muzeý işgärleri tarapyndan köp işler alnyp barylýar.

         Ýakynda, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Gökdepe milli muzeýi göçme sergisini gurnady. Sergide milli muzeý öz gaznasynda bar bolan dürli eksponatlary, şeýle hem, halkymyzyň medeni gymmatlyklaryna öwrülen senetçiligiň birnäçe görnüşleriniň önümleri bolan kümüş şaý-sepleri, haly torbalary we çuwallary, el işleri we başga-da birnäçe külalçylyk senediniň önümi bolan küýzeleriň dürli görnüşlerini görmek bolýar. Muzeý işgärleriniň halkymyzyň ençeme müňýyllyklara uzap gidýän şöhratly taryhy barada täsirli gürrüň bermegi netijesinde, talyplarda bu sergi örän uly täsir galdyrdy.

         Sergide ýokary okuw mekdebimiziň halypa mugallymlary talyplara häzirki döwürde saklanyp galan köp sanly muzeý gymmatlyklarynyň, ýazuw çeşmeleriniň taryhymyzy, pederlerimiziň medeniýetini öwrenmekde möhüm gymmatlyk bolup durýandygy barasynda täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de, serginiň çäginde institutymyzyň kitaphanasy tarapyndan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş berýän kitaplarynyň sergisi hem gurnaldy. Bu bolsa talyp ýaşlaryň gurnalan sergä gyzklanmalaryny has-da artdyrdy.

         “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan milletiň ajaýyp ruhy-medeni mirasyny aýawly saklamak işleri ýaş nesillerde uly buýsanç döredýär.

         Bu gurnalan göçme sergisi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi

Gülşirin Agaýewa, “Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy.