MERTLER ÝÜREKLERDE BAKY ÝAŞAÝAR

Adamzat taryhynda iň aýylganç söweşleriň biri bolan Beýik Watançylyk urşy ýeňiş bilen tamamlandy. Duşman bilen aldym-berdimli söweşlere gatnaşan türkmen ýigitleri hem egin-egne berip, adamzadyň azatlygy, geljek nesilleriň bagtyýar durmuşy ugrunda şirin janlaryny orta goýup, mertlik bilen göreşdiler. 1941—1945-nji ýyllardaky Beýik Watançylyk urşunda hem ildeşlerimiz batyrlygyň we gahrymançylygyň gaýtalanmajak nusgasyny görkezdi. Türkmen ýigitleriniň müňlerçesi uruş ýyllarynda Watan goragynda mert durup, gahrymanlarça söweşipdiler. Olaryň müňlerçesi bu gazaply urşuň pidasy boldy. Müňlerçesi bolsa Beýik Ýeňiş bilen, döşleri söweşjeň orden-medally dogduk mekana sag-aman dolanyp geldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda olaryň sarpasy belent tutulýar, merdana ogullaryň atlary ebedileşdirilip, taryha ýazylýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly,Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyga, dostluga, doganlyga we döredijilikli zähmete bolan islegini alamatlandyrýan uly ähmiýetli wakadyr. Her ýyl 9-­njy maýda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde urşa gatnaşyjylar, tylda zähmet
çekenler, weteranlaryň ýanýoldaşlary sarpalanýar.
Türkmenistan döwletimiz Beýik Watançylyk ur­şunda gazanylan ýeňşe öz mynasyp goşandyny goşdy. Watandaşlarymyzyň müňlerçesi beýleki halklaryň wekilleri bilen egin­egne berip azatlyk ugrunda söweşdiler. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar, onuň durmuş ýoly häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we
borja wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanly esgerleriň köpüsi urşuň gazaply synaglaryndan doly ýollaryny geçip, görkezen edermenlikleri üçin söweşjeň ordenlere we medallara, olaryň ýüzden gowragy bolsa Gahryman diýen belent ada mynasyp boldular. Milli Gahrymanlaryň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” ýadygärlik kitaplarynda ebedileşdirildi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde uruş weteranlaryna, tylda zähmet çekenlere hem­de uruş weteranlarynyň ýanýoldaşlaryna köp sanly ýeňillikler berildi, olaryň asuda we abadan durmuşy üçin ähli şertler döredildi. Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy ýurdumyz üçin ýene bir aja­ýyp senä, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylyna gabat gelmegi bellenilmeli ýagdaýdyr.Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz sebit we ählumumy derejede ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkeze öwrüldi, munuň özi 2021-nji ýylyň “Türkmenistan ─ parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”diýilip yglan edilmegi hem türkmen halkynyň iň gowy däpleriniň dowamatlylygynyň alamaty hem­de ata­babalarymyzyň şöhratly ýoluna goýulýan hormat­sarpanyň nyşanydyr. Täze taryhy eýýamda ata-babalarymyzyň mähriban ýurdumyzda parahatçylygy we abadançylygy gözüň göreji ýaly gorap saklamak baradaky parasatly wesýetleri ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär, onuň esasynda ýurdumyz özüniň bagtly durmuşyny we röwşen geljegini gurýar. Milli Gahrymanlarymyza belent sarpa goýmak we olary hemişe ýatlamak türkmen jemgyýetiniň hemişelik ýörelgeleriniň biridir. Mertler Watany, Watan mertleri beýgeldýär. Urşuň gazaply ýyllarynda döş gerip Watanyny goran gahrymanlarymyz eziz Diýarymyzy beýgelden bolsa, bu gün mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda asuda we parahat ýurdumyz, uly ösüşlere hem oňyn
özgertmelere beslenen ata Watanymyz öz gahryman ogullaryny beýgeldýär. Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylygyň, mertligiň, ata Watana wepalylygyň ajaýyp nusgasyny görkezen uruş weteranlarynyň,
mukaddes ojaklary saklap, tylda zähmet çeken ene-mamalarymyzyň sarpasy bu gün her öý, her maşgalada belentden tutulýar. Olar hiç wagt unudylmaz, çünki mertler ýüreklerde baky ýaşaýar. Ýeňiş baýramynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzda geçirilýän çärelerde urşa gatnaşan gerçekleriň görkezen gahrymançylyklary aýdyň görkezilýär. Goý, ýurdumyz abat, ilimiz abadan bolsun! Hormatly Prezidentimiziň jany sag,halkymyz üçin alyp barýan giň gerimli işleri rowaç bolsun! Ýeňiş baýramyňyz gutly bolsun, eziz ildeşler!

Möwlam HAÝTGULYÝEW,  Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň talyby.