“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “MERTLER WATANY BEÝGELDÝÄR” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň umumy mejlisinde diňlenilen çykyşlarda Arkadagly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu günki-gün Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlara goýulýan hormat-sarpa barada, şeýle hem häzirki döwürde Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň sebitiň durnukly ösüşine täsiri hakynda aýdyň beýan edildi.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Watan üçin şirin janyny orta goýan mert, gaýduwsyz, edermen ata-babalarymyzyň, gerçeklerimiziň görkezen gahrymançylygy bilen gazanylan Beýik Ýeňşe 78 ýyl dolýar. Şol ýyllarda gahrymanlarymyz, şeýle hem mährem enelerimiz mertligiň, merdanalygyň, wepadarlygyň hakyky nusgasyny görkezdiler. Watansöýüjiligiň ajaýyp nusgasyny nesillerimize miras goýan gahryman gerçeklerimiz, şeýle-de milli gahrymanlarymyz her bir türkmen raýatynyň kalbynda orun alandyr.
“MERTLER WATANY BEÝGELDÝÄR” atly ylmy-amaly maslahat soňra öz işini birnäçe bölümlerde dowam etdi. Bölümlerde professor-mugallymlaryň dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň ýurdy hökmünde çykyş edýän Bitarap Türkmenistanyň parahatsöýüjilik syýasaty barasyndaky çykyşlary öz täsirliligi bilen tapawutlandy.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahat, Arkadagly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Gülşirin Agaýewa,
“Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy”
kafedrasynyň mugallymy.