Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn syýasat esasynda,bagtyýar halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp,rowaçlyklaryň batly gadamlaryna buýsanyp ýaşaýar.Şeýle ösüşdir özgertmeleriň rowaç bolýan zamanasynda ýaşap,okap,zähmet çekip taryhy wakalara şaýat bolmak bagtyýarlygyň alamatydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylymly-bilimli ýokary ahlakly ýaş nesilleri terbiýelemek meselesine aýratyn uly ähmiýet berilýär.Şeýle hem,hemmämize mälim bolşy ýaly,Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň her bir künjeginde medeni köpçülik çäreleri,aýdym-sazly dabaralar geçirilýär.Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öň syrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň nobatdaky sanynyň geçirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.Şeýle hem,talyp deň-duşlarymyz bilen bilelikde bu taryhy waka gatnaşmak bagty bizede miýesser etdi.Şonuň bilen birlikde,maslahata gatnaşan watandaşlarymyza,talyp ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşurylmagy bizi has-da buýsandyrdy.Ýylyň – ýylyna geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşylýan meseleler türkmen döwletiniň berkararlygynyň we halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň ýüze çykmasydyr.Halkymyzda maslahatlaşmak,geňeşmek bilen bagly ajaýyp nakyllar biziň günlerimize gelip ýetip,Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren “Paýhas çeşmesi” kitabynda “Maslahat bilen atylan daş uzak gider”,”Maslahat bilen tutulan toý dargamaz”, “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” ýaly nakyllar öz beýanyny tapypdyr.
Maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikler,ylym – bilim ulgamynda ýetilen sepgitler we geljekki edilmeli işler dogrysynda şeýle hem,türkmen halkynyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden wagyz edip,ony geljekki nesillerimize ýetirmeli diýip belläp geçýär.Gahryman Arkadagymyzyň manyly çykyşlary biziň her birimizde örän uly täsir galdyrdy.Aýratyn hem, ýurdumyzyň geljegi ýaş nesillere baglydyr diýip uly ynam bildirmegi biz ýaşlary guwandyrdy,buýsandyrdy.
Maslahatda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşynada aýratyn uly orun berildi.Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem öz çykyşynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanan üstünlikleri we ýeten sepgitleri dogrysynda aýdyp geçdi.Ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatar-da ulag kommunikasiýalary pudagyna aýratyn orun degişlidir diýip bellemek bilen birlikde ulag ulgamyny aýratyn hem awtomobil ulagyna has-da üns bermelidir diýip ýerlikli belläp geçýär.
Maslahatyň dowamynda Arkadagly gahryman Serdarymyz ýaşuly atalarymyzy “Il ýaşulysy”,kümüş saçly mährem enelerimizi “Zenan kalby”ordeni bilen,ýurdumyzda birnäçe ýyl zähmet çeken watandaşlarymyzyň birnäçesini Türkmenistanyň Gahrymany ady bilen sylaglady.Ýeri gelende belläp geçsek,biziň ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmenistanyň Inžener- tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda uzak ýyllar zähmet çekip gelýän “Diller kafedrasynyň” uly mugallymy Mahbuba Gafurowanyň “Watana bolan söýgisi üçin”Hormatly Prezidentimiz tarapyndan medal bilen sylaglanmagy biziň şatlygymyza has-da şatlyk gowşdy.
2024 – nji “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24- nji sentýabrynda geçirilen Türkemenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütler – ýurdumyzyň geljekki durmuş – ykdysady ösüşiniň berk binýadyna öwrüler. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ylym – bilim özgetmelerini we ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde biz – talyp ýaşlaryň alyp barjak işlerimiziň berk sütüni bolup durýar.
Ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunymyzy aýdýarys.Goç Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag,ömürleri uzak bolsun,il-ýurt bähbitli tutýan döwletli işleri elmydama rowaç bolsun!
Inžener-Tehniki we ulaglar kamunikasiýalar institutynyň ulaglar fakultetiniň awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak hunäriniň 3-nji ýyl talyby Aýnabat Şükürbaýewa