Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ýokary depginli durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde ýaşlara uly ynam bildirýär. Şoňa görä-de, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamagy, täze döwrebap iş orunlaryny döretmegi, ýaşlaryň hünär taýýarlygyny we iş bilen üpjünçiligini ençeme ýyllar öňünden meýilnamalaşdyrýar, hünär bilim ulgamy kämilleşdirilýär, zähmet bazarynda ýaşlary iş bilen üpjün etmek boýunça işjeň çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty hem ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýasa ulgamy üçin ýokary derejeli inženerleri-tehnologlary taýýarlaýan baýry ýokary okuw mekdebi bolup, döwlet Baştutanymyzyň bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, ulgamlaýyn alyp barmak, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny ösen halkara tejribelere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak hem-de Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 31-nji oktýabrynda geçiren Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde ýurdumyzda bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek barada öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işleri alyp barýar.
Ýokary okuw mekdebimizde öwredilýän hünärleriň okuw meýilnamalarydyr maksatnamalary dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan milli tejribeler esasynda yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle-de döwrüň talap edýän täze ugurlary boýunça kafedralar açylýar, täze dersler, hünärler girizilip, degişlilikde, olaryň okuw maksatnamalary işlenip taýýarlanylýar. Şu okuw ýylynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda täze hünärleriň birbada 8-si açyldy. Indi talyplar demir ýollaryň elektrik üpjünçiligi, lokomotiwler, wagonlar hünärleri boýunça hünärmen, gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy, ýerüsti ulag-tehnologiki serişdeler, sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk, howa hereketiniň dolandyrylyşy, howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak ugurlary esasynda bolsa bakalawr maksatnamasyna laýyklykda bilim alýarlar.
Institutda ýokary derejeli hünärmenleriň okuw işine okatmagyň iň täzeçil, işjeň usullary ornaşdyrylyp, ähli hünärleriň sapaklaryny, hususan-da, amaly we tejribe sapaklaryny alyp barmagyň usullary kämilleşdirilýär. Halkara tejribelere esaslanyp, hünärleriň okuw meýilnamalaryny özleşdirmekde okatmagyň adaty usullary bilen bir hatarda, mowzuklary özleşdirmekde dersara baglanyşyklary gazanmak bilen, okatmagyň dersara integrirlenen usulyna geçilýär.
Inžener-tehniki ugurly bilim ojagymyzda talyplaryň okuw kitaplarydyr gollanmalary, okatmagyň tehniki serişdeleri bilen üpjünçiligine uly üns berilýär. Häzirki wagtda geçilýän ähli derslere degişli kitaplar, okuw gollanmalary bar. Mugallymlar tarapyndan ozal ýazylan we çap edilen kitaplara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary, okatmagyň işjeň usullaryny girizip, olary gaýtadan neşir etmegiň üstünde hem içgin işlenilýär. Institutda kitaplaryň diňe bir neşir edilen görnüşini däl, eýsem, olaryň elektron nusgalaryny-da özünde jemleýän elektron kitaphanalar ulgamy hereket edýär. Kitaphanada professor-mugallymlaryň golýazmalarynyň, okuw kitaplarynyň elektron görnüşleri elýeterli bolup, her bir okyjy üçin edebiýatlaryň elektron nusgasyny ulanmaga mümkinçilik bar. Şol bir wagtda, elektron katalogyň kömegi bilen okyjylara kitaplar, makalalar, döwürleýin neşirler barada gerekli maglumatlary almaga amatly şertler döredilen. Bu ýerde bitewi bilim tory arkaly ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň elektron kitaphanalaryndan peýdalanmak mümkinçiligi hem bar.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň berýän öwüt-ündewlerinden, tabşyryklaryndan ugur alyp, talyplarymyzyň şahsyýet hökmünde kemala gelmekleri üçin degişli işleri alyp barmak biziň esasy wezipämiz bolup durýar. Şunda ýaşlaryň watansöýüji, edepli, terbiýeli, milli mirasymyza hormat goýýan, ahlak taýdan arassa, beden taýdan sagdyn, zähmetsöýer nesiller bolup ýetişmeklerine uly orun berilýär. Şu maksat bilen, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Inžener-tehniki ugurly bilim ojagymyzda talyp ýaşlarymyzyň Watanymyza ak ýürekden gulluk etjek ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin mundan beýläk-de ähli zerur çäreleriň durmuşa geçiriljekdigine ynandyrýarys. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça öňde goýan möhüm wezipelerini birkemsiz ýerine ýetirmek biz mugallymlar üçin borçdyr.
Toýly Rozymyradow,
Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.