IŇLIS DILI BOÝUNÇA GEÇIRILEN BÄSLEŞIKDE TALYPLARYMYZYŇ ÜSTÜNLIGI

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň: “Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly.” diýen tabşyryklaryndan ugur alyp, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” we “Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2023-nji ýylyň 13-nji aprelinde  iňlis dili boýunça II halkara internet olimpiadasy geçirildi.

       Iňlis dili dersi boýunça geçirilýän halkara internet olimpiadasy sanly ulgam arkaly test görnüşinde geçirildi. Olimpiadanyň testlerini tabşyran talyplaryň netijeleri we gazanan bahalary awtomatik usulda hasaplanyp, guramaçylyk topary boýunça testiň netijeleri kesgitlenildi. Olimpiadanyň ýeňijileri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.

      Bu olimpiada Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary hem uly gyzyklanma bildirdi. Ýokary okuw mekdebimizden jemi 11 talyp bu olimpiada gatnaşdy. Talyplar özleriniň ukyp-başarnygyny we ezberligini görkezdiler. Şowhunly el çarpyşlaryň astynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Diplomyna mynasyp bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bagtyýar talyp ýaşlarynyň begenji, Hormat hatyň eýesi bolan mugallymlarymyzyň buýsanjy has-da täsirli boldy. Has takygy, talyplarymyz 2-nji oruna Atdaýew Ýazmyrat Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 3-nji ýyl talyby;  Jomartow Öwezgeldi 3-nji orna Landşaft dizaýny hünäriniň 1-nji ýyl talyby; 3-nji oruna Nedirow Ÿunus Howa hereketiniň dolandyrylyşy hünäriniň 1-nji ýyl talyby; Nurmyradowa Ajaýyp Logistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby höweslendiriji ýeri eýelemegi başardylar. Biz talyplarymyzyň üstünligine begenýäris.Biz hem ýeňiji talyplarymyzy gazanan üstünligi bilen gutlaýarys!

           Bu olimpiada taýýarlanmak üçin ýokary mekdebimizde goşmaça amaly we tejribe sapaklary geçirildi. Talyp ýaşlara bilim-terbiýe bermekde zähmetini gaýgyrmaýan mugallymlaryň arasynda halypa-şägirtlik ýörelgesine uly üns berilýär, çünki islendik işde halypalyga ýetişen mugallymlara daýanylýar. Olaryň baý zähmet tejribesi talyp ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup durýar. Olaryň bar ýerinde işiň müşgili ýok. Talyp ýaşlara alypalyk goluny uzadyp, bäsleşiklere taýýarlan halypalaryň hatarynda institutymyzyň Diller kafedrasynyň mugallymlary Gurbanowa Şirinaý,  Muhammedowa Enejan, Bäşowa Uzukjemal, Badyrowa Jeren atlaryny buýsanç bilen tutmak bolar. Şeýlelik-de talyplar iňlis dili dersiniň düýp-özenine düşünmäge mümkinçilik gazandy.

      Bu geçirilen olimpiada talyplaryň bilim alýan ugurlarynda dil taýýarlgynyň derejesine baha bermek, daşary ýurt dillerini suwara bilýän zehinli we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi.Ýaşlaryň dil biliminiň derejsini ýüze çykarmaga niýetlenen her dürli talyplar olimpiadalary «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagyň konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň esasy wezipeleriniň hatarynda bütewi sanly bilim ulgamy arkaly daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdrimek babatda ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşyklaryny giňeltmek bar.

       Ýurdumyzda şeýle olimpiadalaryň geçirilmegi talyplarymyzyň bilim derejesine baha bermäge, olardan has zehinlilerini we ukyplylaryny ýüze çykarmaga, ýaşlaryň ylmy we döredijilik işjeňligini ösdürmäge hem-de daşary ýurt dillerini öwrenmeklige höweslerini artdyrmaga, şeýle hem sanly maglumatlar-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly özara gatnaşyklary  giňeltmäge ýardam berýär.

         «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň jemgyýetde mynasyp ornuny tapmagyny goldaw bermek ýerlikli wezipe bolup durýar. Şu wezipeden ugur alyp, biz bilim işgärleri ýaş nesliň Watanymyza, hormatly  Prezidentimize wepaly bolup ýetişmegi hem-de dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza çäksiz sag bolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!

  

Ogulbaýram HATJYÝEWA,

Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.