HALKARA MATEMATIKA OLIMPIADASYNDA TALYP ÝAŞLARYMYZYŇ ÜSTÜNLIGI

         Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy uly ösüşlere, belent sepgitlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizde bilim ulgamynyň ösüşi ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, ony ösen döwletleriň hataryna goşmaga, bilimli, ruhy baý, maksada okgunly, Watanymyza wepaly kämil nesli kemala getirmäge gönükdirilendir. 2023-nji ýylyñ 24-28-i aralygynda aprelinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniñ hem-de dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň talyplarynyñ gatnaşmagynda III Açyk halkara matematika olimpiadasy geçirildi. 28-nji aprelde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýerli hem-de daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen III açyk matematika olimpiadasynyň (OMOUS — 2023) jemi jemlendi.

       III açyk matematika olimpiadasynyň şahsy görnüşinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary altyn medallaryň 20-sine, kümüş medallaryň 37-sine, bürünç medallaryň 63-sine mynasyp boldular. Toparlaýyn tapgyrda bolsa, 2 altyn, 7 kümüş, 9 sany bürünç medaly eýelediler.

       Ýokary okuw mekdebimizden III Açyk halkara matematika olimpiadasyna gatnaşýan düzümi 8 talypdan ybarat bolup, olaryň 8-si hem Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň adyndan bäsleşige gatnaşarlar. Ýokary okuw mekdebimiziň talyplary Ýalkapberdi Baýlyýew Demir ýol gurluşygy we ýol hojalygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby, Akmyrat Aşymow Howa hereketiniň dolandyrylyşy hünäriniň 2-nji ýyl talyby, Şöhrat Baýramow Önümçiligiň tehniki prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy hünäriniň 1-nji ýyl talyby, Agahan Andyýew Howa hereketiniň dolandyrylyşy hünäriniň 1-nji ýyl talyby, Allaşükir Öwülýägulyýew Gämi sürmeklik hünäriniň 1-nji ýyl talyby, Akmaýa Abdykadyrowa Önümçiligiň tehniki prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy hünäriniň 2-nji ýyl talyby, Mähriban Gurbanowa  Portlaryň we ulag menzilleriniň ýükleýiş-düşüriş enjamlarynyň ulanylyşy hünäriniň 2-nji ýyl talyby we Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 3-nji ýyl talyby  Ýazmyrat Atdaýew dagylar institutymyzyň adyndan çykyş etdiler. Topara institutyň Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy Bazargeldi Sapargeldiýew ýolbaşçylyk etdi.

      Şeýlelikde, bu geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda institutymyzyň talyp ýaşlary degişlilikde 2 we 3-nji ýeri eýelediler. Olar Şöhrat Baýramow Önümçiligiň tehniki prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy hünäriniň 1-nji ýyl talyby ikinji orny eýeledi. Bu abraýly bäsleşikde Şöhrat matematika boýunça başarjaňlygyny görkezdi. Üçünji orunda Agahan Andyýew Howa hereketiniň dolandyrylyşy hünäriniň 1-nji ýyl talyby bar.

Abraýly halkara matematika bäsleşiginde şeýle ýokary görkezijiler diňe bir talyplaryň ajaýyp ukyplary sebäpli däl, eýsem mugallymlarynyň we terbiýeçileriniň işi, şeýle hem türkmen bilim pudagynda geçirilen özgertmeler netijesinde gazanyldy. Soňky ýyllarda sanly tehnologiýalar bilim prosesine has işjeň girizildi we talyplar üçin daşary ýurt dillerini ösdürmek has elýeterli boldy.

     Ýaşlara gazanan medallary, diplomlar we gül desseleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Olimpiadanyň ýapylyş dabarasynda ýaňlanan aýdym-sazlar ýeňiji bolanlarda uly joşgun döretdi. Dabaranyň ahyrynda olimpiadanyň ýeňijileridir oňa gatnaşyjylar, eminler hem guramaçylyk topary üýşüp ýadygärlik surata düşdüler.  

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesle döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim berilmegi, olaryň halkara derejesindäki hünärleri öwrenmegi, ylmy döredijilige ugrukdyrylmagy, mähriban Watanymyza, ene topragymyza, ata-babalarymyzyň milli ahlak ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredýän, üstünlikli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagamyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Ogulbaýram HATJYÝEWA,

Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.