Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ilkinji Zenanlar guramasy we Türkmen halysynyň milli muzeýi bilelikde institutyň halypa zenan mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň gatnaşmaklarynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde “GELSE NOWRUZ ÄLEME” atly aýdym-sazly üme görnüşli baýramçylyk çäresini geçirdiler.
Bu ajaýyp Türkmen halysynyň milli muzeýinde halypa mugallymlaryň, muzeý işgärleriniň hem-de talyp gyzlaryň ene-mamalarymyzdan bize miras bolup şu günki güne çenli sungat derejesine öwrülip gelip ýeten milliliklerimiz baradaky, şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň saýasynda milliligimize, türkmen halyçylyk sungatyna goýulýan sarpa, bulary dünýä tanatmakda ýerine ýetirilýän işler baradaky çykyşlary, talyp gyzlaryň aýdan monjuk atdylary, aýdymlary, ýerine ýetiren tanslary öz täsirliligi bilen tapawutlandy. Bu ajaýyplyklary dowam etmekligi maksat edinen zenan mugallymlar, talyp gyzlar türkmen zenanlaryna belent sarpa goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarmyzy, şeýle hem ähli türkmen halkyny ýetip gelýän milli bahar baýramy bilen gutlap, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza alkyşlary aýtmak bilen aýdym-sazly üme görnüşli baýramçylyk çäresini jemlediler.
Gülşirin Abaýewa,
Institutyň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy