«Gahryman Arkadagymyzyň talyplar bilen geçiren umumy sapagynyň umumy we hünär derslerini özleşdirmekdäki ähmiýeti» atly okuw sapagy

Ýakynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen, «Gahryman Arkadagymyzyň talyplar bilen geçiren umumy sapagynyň umumy we hünär derslerini özleşdirmekdäki ähmiýeti» atly okuw sapagy geçirildi. Oňa institutymyzyň talyp ýaşlary, professor-mugallymlary uly ruhubelentlik hem-de buýsanç bilen gatnaşdylar.

Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagyna gatnaşan institutyň talyp ýaşlarynyň çykyşlaryna-da orun berildi. Olar şeýle beýik bagtyň miýesser edendigi üçin juwan kalbyndan çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň geçiren umumy okuw sapagynyň döwürleri, nesilleri, köňülleri birleşdirýän hakyda sapagyna öwrülendigi aýratyn nygtaldy.

Ählimize mälim bolşy ýaly, Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagy ýaşlaryň ykbalynda möhüm waka boldy. Milli Liderimiziň 2023-2024-nji, täze okuw ýylynyň ilkinji gününde bagtyýar türkmen ýaşlaryna geçen umumy okuw sapagy çuňňur many-mazmuna baý bolup, ýaş nesillerimiziň her biriniň kalbynda ýakymly täsirleri galdyrdy hem-de olaryň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.

Maslahatyň soňunda oňa gatnaşyjylar güneşli Diýarymyzy bagtyýar nesilleriň iň arzyly arzuwdyr islegleriniň hasyl bolýan mekanyna öwren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Ogulbaýram HATJYÝEWA,

Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.