Gahryman Arkadagymyzyň zenanlara hormat goýmak, olaryň sapaly durmuşda bagtyýar ýaşamaklary, iş-durmuş üpjünçiliklerini goramak boýunça döwlet derejesindäki beýik işleri hormatly Prezidentimiziň yhlasly tagallalary bilen üstünliklere beslenýär. Ýakynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň kiçi mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň hem-de TMÝG-niň Büzmeýin etrap Geňeşi bilen bilelikde guramagynda «Ene kalbyndan dörän nepislik» diýlip atlandyrylan çäre institutymyzyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer syýasaty ýurdumyzda her bir adamyň we raýatyň hukuklaryny amala aşyrmaga, adalatly jemgyýetde bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda günbe-günden gül açýan ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan zenanlarymyzyň el hünäriniň täze öwüşginlere beslenmegini, ýaş gyzlarda nagyşly lybaslarymyza, haly-palaslarymyza, kilim-keçelerimize, keşdelerimize bolan höwes döretmegi, söýgi-buýsanjy artdyrmagy wagyz etmek çäräniň esasy maksady boldy. Türkmen zenanlary el hünärleri bilen dünýä meşhurdyrlar. Olaryň çeper ellerinden dörän ajaýyp halylar, keşdeler, el işleri görenleri haýrana goýýar. Her bir zenan öý-ojagynyň bikesi we göreldäniň, terbiýäniň mekdebidir. Şol sebäpden zenan gözelligi, ilki bilen, onuň edebidir, hünäridir. Bu işlerde türkmen gelin-gyzlarynyň asyrlardan aşan el işleriniň inçeligini, näzikligini, gelin-gyzlarymyzyň ojaga wepalylygyny, yhlaslylygyny, türkmen tebigatynyň bakyp, doýup bolmaýan gözelligini, al-ýaşyl gülleriniň öwüşginini, hatda läle-reýhan gülleriň ysyny hem saklap bilendigine haýran galýarsyň.
Ýeri gelende bellesem, döwletimizde medeni mirasymyzyň goralmagy babatda milli kanunçylygymyz halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär. Medeni mirasyň hukuk goragy öz gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Medeni mirasymyzyň hukuk goragy «Medeniýet hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bilen düzgünleşdirilýär.
Çäre hünär ussatlygynyň biziň döwrümizde barha kämilleşýändiginiň, kiçi hem orta telekeçilikde el işleri bilen meşgullanýan gelin-gyzlara barha uly ornuň degişlidiginiň, gadymy hünäri dowam etdirýän nesliň mynasyp derejede ýetişýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Çäre gadymy däplerimiziň bagtyýar zamanamyzyň joşgunly badyna laýyk ösýändiginiň, rowaçlanýandygynyň aýdyň beýany boldy. Ajaýyp Watanymyzda zenanlaryň mertebesini we buýsanjyny artdyrýan, beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ilimiziň bagtyna gönükdirilen tagallalary hemişe rowaç bolsun.
Ogulbaýram HATJYÝEWA,
Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.