


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde türkmen ýaşlaryna dünýä derejesinde ylym-bilim almaga amatly şertler döredilýär. Döredijilikli täze eýýamymyzyň beýik başlangyçlarynyň hözirini görýän, bagtyýar ömür sürýän, uly ruhubelentlik bilen döredýän, gurýan, öz bagtyny berkarar edýän, geljek nesilleriniň bagtyýarlygynyň binýadyny berkden tutýan il-ulsumyzyň arzuwlary hasyl bolýar.
Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dürli künjeklerinde bilim-terbiýe ojaklarynyň durky täzelenýär we täze döwrebap multimediýa mekdepleri gurulýar. Ýurdumyzyň baş şäherinde, welaýat merkezlerinde täze orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň döredilmegi ýaş nesliň döwrebap bilim almagy baradaky işiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendiginiň aýdyň nyşanydyr.
Häzirki döwürde türkmen ýaşlaryny halka, Watana wepaly, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek döwrüň baş wezipesi bolup durýar. Ata Watanymyzyň geljeginiň has-da röwşen bolmagyny gazanmagyň baş şerti türkmen ýaşlaryny ylymdan ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmenler edip ýetişdirmekdir.
Gahryman Arkadagymyz turuwbaşdan ýurdumyzyň bilim ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda tutumly işleri amala aşyrmak bilen bilim ulgamynyň düýpli sanlaşdyrylmagyna giň ýol açdy.
Bu gün sanly bilimiň mümkinçilikleri barha artýar we guralýan okuw sapaklary, önümçilik tejribelikleri sanly esasda alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, dünýä ykdysadyýeti häzirki wagtda ösüşiň täze tapgyryna, ýagny innowasiýalara, nanotehnologiýalara, sanly ykdysadyýete esaslanýan döwrüne aýak basdy. Şonuň üçin hem ykdysadyýetiň islendik pudagynda bäsleşikli ösüşde öňdäki hatarlary eýelemek üçin diňe döwrebap tehnologiýalara esaslanýan ösüş ýoluny saýlap almaly. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen döwrebap ösdürmek we Türkmenistanyň senagat taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegini ýola goýmak köp derejede ýaşlaryň hünär ussatlygyna, bilim taýdan kämilligine baglydyr. Bu bolsa mugallymlaryň öňünde bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny we täze garaýyşly ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça anyk wezipeleri kesgitleýär.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geljekde senagatymyzyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ulgamynda zähmet çekjek ökde hünärmenleri taýýarlamak babatynda alnyp barylýan işleriň çäginde, talyplaryň önümçilik okuwlarynyň döwrebap guralmagy hem yzygiderli üpjün edilýär. Ýokary okuw mekdebimiziň dürli hünärlerinde bilim alýan talyp ýaşlar yzygiderli ýurdumyzyň döwrebap kärhanalarynda göçme-önümçilik okuw sapaklaryny geçýärler. Geçirilýän önümçilik okuw-tejribeliklerinde talyplar Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlary bilen bu günki-gün ýurdumyzyň senagatynyň täze ösüşlere eýe bolmagy üçin önümçilige ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalary barasynda giň göwrümli maglumatlary alýarlar.
Ýakynda ýokary okuw mekdebimiziň “Ulaglar” fakultetiniň “Howa hereketiniň dolandyrylyşy” we “Uçuş enjamlarynyň we hereketlendirijileriniň tehniki ulanylyşy” hünäriniň 2-nji ýyl talyplary bilen Aşgabat şäherindäki “Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Howa ulaglary ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlaýan okuw merkezinde” göçme önümçilik okuw-tejribeligini geçdiler.
Bu ýerde talyplar hünärmenleriň tanyşdyrmagynda howa gatnawlarynda ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, olary dünýäniň ösen derejelerine laýyklykda alyp barmak, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýerli howa gatnawlaryny ösdürmek babatynda geçirilmeli çäreler barasynda hem-de uçarlaryň ýerüsti düzüme öwrüm ediş ýodajyklary we duralgalary, howa gämileri üçin perronlar, howa hereketini dolandyryş gullugynyň diňi, dispetçerçilik nokatlary we beýleki desgalar barasynda giň göwrümli düşünjeleri aldylar. Talyplar şu okuw-önümçilik tejribeliginde okaýan derslerine gerek boljak dürli maglumatlary aldylar we başga-da birnäçe maglumatlary öz ýerine ýetirjek ýyllyk işleri üçin bellediler.
Bu gün jemgyýetimizde özbaşdak çözgütleri kabul edip bilýän, başarjaňlygy, joşgunlylygy we netijeliligi bilen tapawutlanýan döwrebap bilimli, arassa ahlakly, täze belentlikleri eýelemäge taýýar, ýurdumyzyň ykbaly, onuň durmuş-ykdysady rowaçlygy üçin jogapkärçilik duýgusyna eýe bolýan ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär. Geljekde hem biz mugallymlar ýaşlarymyzy şunuň ýaly önümçilik okuw-tejribeliklerinde nazary bilimlerini has-da berkidip, sanly ykdysadyýetimiziň ösmegine öz saldamly goşantlaryny goşjak ökde hünärmenler edip ýetişdireris.
2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly milletiň ykbalyny arşa göterýän, halkymyzy bagta alyp barýan beýik başlangyçlaryň ýylyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň ähli tutumly işlerinde adam baradaky aladanyň möhüm orny eýeleýändigi türkmen halkymyzy buýsandyrýar. Bagtyýarlyk döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ykdysadyýetimiziň senagat we ulag kommunikasiýalar ulgamyny ýokary derejä ýetirmek bilen baglanyşykly edýän tagallalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň şeýle ösüşlerine buýsanýan talyp ýaşlar hem geljekde ökde hünärmenler bolup Watanymyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde özleriniň saldamly goşantlaryny goşmaga eýýäm şu günlerden taýýarlanýarlar.
Ýurdumyzyň ähli ylym-bilim işgärleri bolup türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleriň hemra bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Gülşirin Agaýewa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.