Tomus möwsümi diňe bir çagalaryň arzyly pasly bolman, eýsem, ýüreginde hünär almaga höwesi bolan yhlasly ýaşlaryň hem sabyrsyzlyk bilen garaşýan pasly. Çünki tomsuň ortaky aýyndan başlap täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda talyplyga dalaşgärleriň müňlerçesi öz göwün söýen hünärlerine eýe bolmak üçin degişli orta we ýokary hünär okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyrýarlar. Häzirki günlerde hünär beriş bilim ojaklarynda dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek gyzgalaňly dowam edýär.
Ylymly-bilimli, hünärli ýaşlar ýurdumyzyň geljegidir. Döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň arzuwlarynyň hasyl bolmagy, bilim alyp, durmuşda öz ornuny tapmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şu günler bolsa kalbynda hünär edinmegi arzuwlaýan ýaşlar öz maksadyna ýetip, talyp bolmak üçin ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyrýarlar. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek şu ýylyň 17-nji iýuly — 28-nji awgusty aralygynda guralýar. Dürli ugurlarda bilimlerini dowam etdirmek isleýän ýaşlaryň bu jogapkärli synaga guramaçylykly gatnaşmagy üçin paýtagtymyz-da we welaýatlarymyzda talabalaýyk işler amala aşyrylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri ýaşlary döwrebap bilimli, giň gözýetimli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmäge ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyp ýaşlaryň sany her ýyl köpeldilýär. Döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň döredilmegi hem-de täze hünärleriň açylmagy dürli ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga giň mümkinçilik berýär. Şu günler dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde we paýtagtymyz Aşgabatda dowam edýär.
Ýakynda, has takygy, 14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi. Şeýle hem Arkadagly Serdarymyz degişli ýolbaşçylara ýokary okuw mekdeplerine kabul ediş synaglaryna jemgyýetçilik gözegçiligini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzdaky ähli bilim ojaklary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda 2023 — 2024-nji okuw ýyly üçin dalaşgärlige isleg bildirýän ýaşlaryň resminamalaryny kabul etmek işi dowam edýär. Bu möwsüm dalaşgärler üçin iň jogapkärli, tolgundyryjy we ýatda galyjy pursatdyr.Häzirki günlerde ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdeplerine hem talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek boýunça işler gyzgalaňly alnyp barylýar.
Orta mekdebi tamamlan her bir ýaş raýatyň öňünde hünär ugruny saýlap almak, şol ýol bilen hem kemal tapyp, kämilleşmek bilen bagly ykbalyň uly sowalyna jogap bermek meselesi ör-boýuna galýar. Aslynda, biz mana düşünip başlan döwrümizden «Ulalanyňda kim bolasyň gelýär?» diýlen sowala birbada pikirlenip, jogap gözläp başlaýarys. Elbetde, mekdepden ozalky döwürde köplenç, eje-kakamyzyň, doganymyzyň işleýän hünärlerini gowy görýäris. Mekdep döwrüne başlanymyzda bolsa, tas hemmämiz diýen ýaly mugallym bolmagy arzuw edýäris. Mekdebiň soňky ýyllarynda gözýetimimiz giňeýär, biz has uly dünýä açylyp, täsin we çylşyrymly, iň seýrek hünärleri saýlamaga höwes bildirýäris. Şeýdip, ömrümiziň iň wajyp pursatlarynyň biri bilen ýüzbe-ýüz bolmaly pursatyň gelendigini duýman galýarys.
Hawa, hünär saýlamak ynsan ömrüniň iň jogapkärli pursatlarynyň biri. Hünär bilen jemgyýetçilik durmuşyna işjeň goşulyp, öz döredijilik mümkinçilikleriňi açyp, halka hyzmat edip bolýar. Türkmen halky terbiýäniň esasy maksadynyň ýaş nesilden ilhalar adamy kemala getirmekde görüpdir. Ilhalar adam, hemmetaraplaýyn ösen adam bolup, özünde iň gowy sypatlary jemleýär. Adamyň kämil hünärmen bolmagy üçin onuň diňe hünär endiklerini almagy ýeterlik däl, işiň üstünligi onuň zähmete ak ýürek bilen çemeleşmegine, işi gowy hilli ýerine ýetirmegine, erjellik, yhlas, tutanýerlilik görkezişine, bu häsiýetleriň onuň durmuşynyň kadasyna öwrülmegine baglydyr.
Şu günler orta mekdebi tamamlan ýaşlar öz ömürlerini baglajak hünärini saýlaýarlar, käbiri «Ata kesbi — ogla halal» diýen pähime uýsa, käbirleri ene-ata üçin düýbünden nätanyş bolan, täze önümçilikleriňdir ösen zamanyň öňe çykaran hünärlerini saýlaýarlar. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde öz söýýän hünärleri boýunça ýokary bilim alyp, kämil hünärmen bolmagyň höwesindäki müňlerçe ýaşlar süýji tolgunmalaryň jümmüşinde ýaşaýarlar. Resminamalaryň kabul edilmegi, synaglara çenli wagtyň barha azalmagy bilen, olaryň hysyrdylary has-da artýar. Ol ýaşlaryň arasynda biri inžener, biri tehnolog, ýene biri ykdysatçy bolmagyň arzuwynda. Şeýle ýaşlaryň içinde çagalykdan ýüreginde inžener ýa tehnik bolmak arzuwyny beslän, ykbalyny ulag we kommunikasiýa pudagyna baglamagy niýet edinenler hem bar. Nesip bolsa, bu günler baýry bilim ojagymyzyň hünär ugurlaryna resminamalaryny tabşyrýan dalaşgärler ýakyn geljekde ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişip, milli ykdysadyýetiň ulag we kommunikasiýa pudaklarynda işläp, giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşarlar.
Häzirki wagtda institutyň döwrebap okuw binalary, ähli amatlyklary bolan umumyýaşaýyş jaýlary, kitaphanalary, naharhanalary, garbanyşhanalary, saglyk nokady, sport kluby, bedenterbiýe we sport desgalary talyplary döwrebap bilim hem ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün etmäge hyzmat edýär.
Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gowy taýýarlykly gelen dalaşgärler ukyp-başarnyklaryny görkezip, özleri üçin ylym-bilimiň täze gapysyny açarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Arkadagly döwrümiziň talyby bolmak ruhubelent ýaşlaryň her biriniň gursagyna beslän belent arzuwydyr. Ýaşlara şol ajaýyp maksat-myradyna ýetmegi arzuw edýäris.Ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna we mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekmegine, okamaga, döretmäge, işlemäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Aman HOJALYÝEW,
Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika kafedrasynyň mugallymy.