BUÝSANÇLY BAÝRAKLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda “Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň” Milli maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy beýleki ugurlar bilen bir hatarda, halkara derejesinde uly ösüşlere we özgertmelere eýe bolýar.

Şu gün, 2024-nji ýylyň mart aýynyň 01-i güni, säher bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ähli talyp ýaşlaryň hem-de professor-mugallymlaryň gatnaşmagynda dabaraly nyzam geçirildi. Dabaraly nyzamyň başynda institutymyzyň rektory çykyş etdi. Soňra meýilnama boýunça çykyşlar dowam etdirildi. Çykyşlaryň dowamynda 2024-nji ýylyň fewral aýynda ýurdumyzda bolup geçen esasy syýasy wakalar barada durulyp geçildi.

Talyplaryň okuw sapaklaryna ýetişikleri we düzgün-tertip barada aýdylyp, degişli görkezmeler berildi. Okuw sapaklarda aýratyn tapawutlanýan we dürli bäsleşiklerde ýeňiji bolan talyplara minnetdarlyk bildirildi hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Sowgat gowşurylan talyplaryň arasynda Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetinde okaýan talyplaryň bardygy has-da guwandyrýar! Olar: Gurbanow Isamyrat – “Inženerçilik ulgamlary we torlary” hünäriniň 1-nji ýyl talyby, 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 19-24-i aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII Uniwersiadanyň düzüminde bolan, sportuň Badminton görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda üstünlikli çykyş edip III orna mynasyp boldy. Şeýle-de, 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 23-27-si aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII Uniwersiadanyň düzüminde bolan, sportuň Erkin göreş görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda, 74 kg agram derejede “Ýaşaýyş jaý hojalygy we jemagat infrastrukturasy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Akmuhammedow Mergen üstünlikli çykyş edip II orna, 65 kg agram derejede “Ýaşaýyş jaý hojalygy we jemagat infrastrukturasy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Artykow Maksat II orna mynasyp boldylar.

Ähli talyplarymyzy gazanan üstünlikleri bilen gutlaýarys! Geljekde geçiriljek ýaryşlarda-da üstünlikli çykyş edip, institutymyzyň we ýurdumyzyň üstünliklerine goşant goşmaklaryny arzuw edýäris!



Babageldi Ismailow,

Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy

kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi;

Begençdurdy Saparow, 

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň dekany