BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI MYNASYBETLI WELOSIPEDLI GEÇILEN MENZILLER

7-nji aprelde Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Bu çärelere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri – talyp ýaşlar işeňňir gatnaşdylar. Baýramçylyk çäreleriniň dowamynda sportyň dürli görnüşleri, şol sanda milli sport oýunlary boýunça ýaryşlar, şeýle hem konferensiýalar, brifingler we ylmy-maslahatlar geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen saglygyň sakasy bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, türkmen türgenleriniň sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara, dünýä ýaryşlarynda uly üstünliklere eýe bolmaklaryny gazanmak maksady bilen ähli mümkinçilikler döredilýär. Beýleki ugurlar bilen birlikde bedenterbiýäni we sporty barha ösdürmek işlerinde hem Milli Liderimiz, Arkadagly Serdarymyz ýaşlara şahsy görelde, halypa bolýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport we olimpiýa hereketini höweslendirmek we ösdürmek, oňa ýaşlary işjeň çekmek,  sagdyn durmuş ýörelgesiniň, zähmetsöýerligiň we döredijiligiň esasynda duran gymmatlyklary berkarar etmek ugrunda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Ajaýyp ýörişe Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşdylar. Bütindünýä saglyk gününde welosipedli geçen menzillerimiz biz üçin sagdynlygyň, sazlaşygyň girewine öwrüldi. Arassa dag howasy, bahar paslynyň hoşboýlylygy we gözelligi welosiped ýörüşe gatnaşýanlara şähdiaçyklyk, güýç-kuwwat berdi.

Türkmenistanda bedenterbiýe we sport hereketini giňden düşündirmek we ýaýratmak ýaly giň möçberli işi ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, talyplaryň gatnaşmaklarynda şeýle baýramçylyk çäreleriň we ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem göçme görnüşdäki duşuşyklaryň geçirilip, olara gatnaşýan ýaşlaryň işjeňligi ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýeri gelende bellesem, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýylyň 15-nji martynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde gazanýan üstünliklerine halkara bileleşik tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň we ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Halkymyzyň saglygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda bimöçber tagalla edýän, ilatymyzyň köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaklaryna giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.


 

Ogulbaýram HATJYÝEWA,

                      Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.