Bilimli ýaşlar – ýurt ösüşiniň binýady

Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ählitaraplaýyn ösýän Watanymyz bu gün ylym ýolunda hem täze şöhle saçýan ösüşleriň, özgerişleriň gujagynda ýaşaýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň bagtyýarlyga beslenen günlerinde «Ylymly il ozar» diýen paýhasa uýýan halkymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň öz höwes edýän hünäriniň ussady bolmaklary üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilendir.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen möhüm ulgam bolan bilim ulgamyny barha hem ösdürmeklige, kämilleşdirmeklige, pudagyň binýadyny pugtalandyrmaklyga, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmaklyga gönükdirilen uly işler ýola goýulýar. Ylym-bilimde, täzeçil ugurlarda, tehnikada, ykdysadyýetde, hususy ulgamda, telekeçilikde, sportda we beýleki ugurlarda ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek we giň goldaw bermek üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzdaky ähli bilim ojaklarynyň, okuw merkezleriniň iň döwrebap enjamlar, interaktiw tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy, okuw mekdeplerinde dünýä derejesinde bilim almaklyga, durmuş, medeni, ruhy ösüşlere ýardam etmeklige gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar amal edilýär. Täze eýýamda ýaş nesliň ylym-bilimli, kämil hünärli, edep-terbiýeli bolup ýetişmegi, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur bolan şertler döredilýär. Ata Watanymyza, mähriban halkymyza, Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize wepaly, ýol-ýörelgelerimize ygrarly, hemmetaraplaýyn kämil sowatly ýaşlary kemala getirmek täze-täze ösüşlere kepildir. Çünki şeýle watansöýüji nesiller eziz Watanymyzyň daýanjydyr. Bilim işini döwrebaplaşdyrmak milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen ýola goýulýar. Ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler açylýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly şanly ýylymyzyň şygarynda hem hut şu mazmundaky pikirler jemlenendir. Ýurdumyzyň orta, orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde öňdebaryjy tehnologiýalary we okuw-usulyýet serişdelerini peýdalanmak arkaly häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda ulanylýan döwrebap tehnologiýalardan, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden baş çykarýan ýaşlar, ussat hünärmenler taýýarlanylýar.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň gözbaşynda ylym-bilimiň goýulmagy, bu ugurda dünýäniň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugra aýratyn ähmiýet bermegi bilen ähli ösüşleriň pugta binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi döwrüň talabyna görä, dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Aýratyn hem, bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar tejribelerine, sanly bilime we sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilmegi öňegidişligiň gazanylmagyny has-da işjeňleşdirdi.

Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem her bir döwletde ylym-bilimiň ösmegi zerurdyr. Binanyň berkliginiň binýadyň mäkämligine baglydygy bize durmuş hakykatyndan mälimdir. Binýat näçe berk, oýlanyşykly goýulsa, gurýan ymaratymyz hem şonça gaýym hem ajaýyp bolar. Ýaş nesliň ylym-bilim binýadynyň berkden tutulmagy hem ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň kepilidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky aladany hem öz içine alýar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda bilimli nesli kemala getirmek, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, döwrebap bilim-terbiýe berilmegini gazanmak ileri tutulýan ugurlar bolup durýar. Ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döretmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, kämil hünärli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredýän Milli Liderimiz Eziz Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmezdir! 

 

 Bägül ÇARYÝEWA,

Ulaglar fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.