Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde hem-de olara watansöýüjiligi, ynsanperwerligi wagyz etmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasaty ýöredilýär. Şeýle işleri ýerine ýetirmekde bagtyýar ýaşlarymyzyň aň-düşünjesine, gujur-gaýratyna we netijeli zähmetine aýratyn orun berilýär. Ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty olara ähli babatda zerur bolan şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Bagtyýar ýaşlar ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak, çuň bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, ata Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmaga çalyşýarlar. Güneşli Diýarymyzyň gülläp ösmegi, durmuşymyzyň has-da gözelleşmegi giň düşünjeli, çuňňur ylymly-bilimli, watansöýüji ýaşlara baglydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biz ata-babalarymyzyň ündän ynsanperwer ýörelgelerini mynasyp dowam etdiriji merdana nesillerimizden beýik işlere garaşýarys.
Baky berkarar Watanymyz häzirki eşretli döwrümizde hemmetaraplaýyn düýpli özgerýän we dünýäniň ösüşine oňyn täsir edýän ýurt hökmünde tanalýar. Şeýle asuda, abadan ýurduň bagtyýar geljeginiň ýaş nesle baglydygyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny çalt depginler bilen ösdürmek, ýokary bilimli, döredijilikli, häzirkizaman ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryndan baş çykarýan ýaş nesli kemala getirmek maksady bilen, döwrebap bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, bilim ulgamyna täze tehnologiýalar, ylmyň gazananlary giňden ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan ýaşlar syýasatynyň, eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän döwletli tutumlaryň many-mazmunyny we ähmiýetini ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Çünki biziň ýurdumyzda Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, Watana hyzmat etmegi ömrüniň manysyna deňeýän ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär.
Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň binýady hökmünde bilimi kämilleşdirmekdir. Bilşimiz ýaly, ata Watanymyzda ýaşlara halkara ölçeglerine laýyk gelýän bilim, hünär öwredýän täze okuw mekdeplerini döretmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Orta mekdepleriň başlangyç synplarynda bilimler ösdürilýär, berkidilýär we ýokary synplarda bilimler çuňlaşdyrylyp, ýaşlara durmuşda zerur boljak endikler we başarnyklar kemala getirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işläp biljek ýaş hünärmenleri, watançy, ruhubelent ýaşlary kemala getirmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda bilim bermegiň binýady has-da berkeýär, many-mazmuny we hereket edýän möhleti boýunça öňdebaryjy tejribeler ulanylyp täze maksatnamalar ornaşdyrylýar.
Ýaşlar geljegi gurýar. Olar döwletiň kuwwaty hasaplanýar. Ýurdumyzda bagtyýarlyk döwrümiziň ýaş nesillerine Watanymyzyň ýagty ertirlerini gurjak ynsanlar hökmünde garalýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda döwletimizde türkmen ýaşlarynyň bilimli, ylymly, ussat hünärmenler, sagdyn nesiller bolup ýetişmegi ugrunda beýik işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygy doly üpjün edilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdymyzda sport we sagdynlygy ösdürmek, ruhubelent ýaşlary kemala getirmek babatda hem uly işler alnyp barylýar. Üstümizdäki ýylda ýurdumyzda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny ýaşlaryň gazanýan üstünliklerinde hem görmek bolýar. Ýaşlarymyz sport, medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, diňe bir ýurdymyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem ýaşyl Tugumyzy belentde pasyrdatýarlar. Bu bolsa örän buýsandyryjy hem-de guwandyryjydyr. Watan diňe halky bilen Watandyr! Mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşykly özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly milli Liderimize we Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ähli ýaşlarynyň adyndan köp sagbolsun aýdýarys. Biz Siziň ýol-ýörelgäňize eýermek bilen uly buýsanç, ruhubelentlik bilen okarys mähriban Arkadagly Serdarymyz!
Merjen TOKGAÝEWA,
Ulaglar fakultetiniň Awtomobiller we awtomobil hojalygy hünäriniň talyby.