Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen topragyny bagy-bossanlyga öwürmek üçin taýsyz tagallalar edýär. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljek nesiller üçin gorap saklamak Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak bilen bagly durmuşa geçirilýän işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi bolsa, halkymyzyň abadan ýaşaýyş-durmuş şertlerini barha ýokarlandyrmaga uly itergi berýär.
Mälim bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiziň badalga bermegi bilen, ýaz we güýz aýlarynda ählihalk bag ekmek dabaralary geçirilýär. Ata-babalarymyz her bir işiň başyny tutanlarynda, şol işiň tebigat, jemgyýet hem-de şahsy durmuş bilen baglanyşykly peýdaly taraplaryny göz öňünde tutupdyrlar, şeýle-de bu başy tutulýan işiň ýaşlaryň arasynda zähmet babatda terbiýeçilik ähmiýetini hökmany suratda nazara alypdyrlar. Töwerek-daşyňy bagy-bossanlyga öwürmäge ýaşaýşyň ähli döwürlerinde borç hökmünde garalypdyr. Asyrlaryň dowamynda adamlar tebigy baýlyklar bilen sazlaşykda bolup, olardan rejeli peýdalanypdyrlar we bag ekmegi sogap iş hasaplapdyrlar. Geçmişde ata-babalarymyz daşky gurşawa aýawly garamak, ýeri, suwy tygşytly ulanmak ýaly ýol-ýörelgelerini umumadamzat bähbitlerine öwrüp, dowam etdiripdirler.
Hormatly Arkadagymyzyň: «Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň möçberli meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Adam eli bilen döredilen bu bagy-bossanlyk halkymyzyň zähmetiniň miwesidir» diýmek bilen, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, daş-töweregimizi gurşap alan tebigatymyzy aýawly saklamaga her birimiziň öz şahsy goşandymyzy goşmalydygymyzy aýdýar. Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk çagyryşyna talyp ýaşlar uly hyjuw we höwes bilen seslenýärler hem-de asylly işe mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldelerine eýerip, merjen paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň iň bir gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem döwrüň talabyna laýyk işler alnyp barylýar. Institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary bilen bir hatarda Hojalyk bölümine degişli kömekçi işgärler hem ýadawsyz zähmet çekýärler. Ata-babalarymyzyň «Adam eli, gyzyl gül» diýip, aýdyşy ýaly şu günki günde kärdeşlerimiziň alyp barýan toplumlaýyn häsiýetli işleri diňe öwgä mynasypdyr. Hususan-da, hojalyk işgärleriniň institutyň çäginde ekilen baglara edýän idegleri, gülleri idedip ýetişdirmek barada alyp barýan işleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebimizi etrabymyzyň çäginde ýerleşýän bagy-bossanlyga bürelen, gülzarlyga öwrülen, täze bir özboluşly mekana meňzetmek bolar.
Ýokary okuw mekdebimiziň umumy ýaşaýyş jaýlarynda alnyp barylýan işler barada durlup geçilse, örän ýerlikli bolar. Institutymyzyň hojalyk işgärleri öz işlerine örän jogapkärli çemeleşmek bilen, talyp ýaşlarymyzyň abadan we arassa ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde zähmetlerini gaýgyrmaýarlar.
Bilşimiz ýaly, Hormatly Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler barada gymmatly maglumatlar berilýär. Üzärligiň we beýleki dermanlyk ösümlikleriň düzüminde adamyň bedenine peýdaly täsirini ýetirýän dürli maddalar, ýagny garmalol, garmin, peganin ýaly alkaloidler, kaliý, magniý, demir ýaly makroelementler, marganes, alýuminiý, nikel ýaly mikroelementler saklanýar. Hut şu maksat bilen hem, institutymyzda çaginde talyp ýaşlarymyz türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň ähmiýetini giňden wagyz-nesihat etmäge işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi bolsa, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýaýbaňlanmagyna-da uly ýardam berýär. Ýokary okuw mekdebimiziň ýyldaşhanasynda alnyp barylýan işler hem aýratyn nygtalmaga degişlidir. Çünki Okuw-tejribe ýyladyşhanasynda bezeg gülleriniň dürli görnüşlerini ýetişdirmek üstünlikli ýola goýuldy. Häzirki wagtda Okuw-tejribe ýyladyşhanasynda ýetişdirilen güller institutyň dürli künjeklerini bezeýär. Döwrebap binalarda zähmet çekýän işgärdir, hünärmenlerimiz ajaýyp şertlerde işlemäge döredilýän mümkinçilikler üçin Arkadagly Serdarymyza alkyşlar aýdýarlar.
Mümkinçilikden peýdalanyp, Hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde elmydama rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Serdar AGAJANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Hojalyk bölüminiň başlygy