ATDYR ÝIGIDIŇ ÝOLDAŞY

Türkmeniň adyny yklymlara meşhur eden milli gymmatlyklarymyzyň biride behişdi bedewlerimizdir. Gözellikden, ýyndamlykdan paýyny alan türkmen bedewleri türkmen halkynyň milli buýsanjy, ýowuz günde ýoldaşy, toý-baýramlaryň bezegi bolupdyr. Bedew bu günki bagtyýarlyk döwrümiziň hem ösüşleriniň nyşany, dünýä medeniýetiniň gymmatly baýlygyna öwrüldi. Alymlaryň bellemeklerine görä türkmen bedewleriniň adaty bolmadyk reňki we beden gurluşy keremli türkmen sährasynyň, tenekar howasynyň, dermanlyk ösümlik dünýäsiniň hem-de milli seýisçiligiň dünýä beren gymmatlygydyr. Türkmen bedewleriniň halkymyz bilen birlikde bäş müň ýyllyk uzyn taryhy bar. Şu ýerde ýabany gylýallary eldekileşdirip, sungat eserine öwren ata-babalarymyzyň döreden milli seýisçilik ýolunyň ähmiýetini hem bellemek isleýäris. Hut türkmeniň milli seýisçilik ýoly bedewleriň ynsana mahsus aňlaýyş ukybyny ýüze çykaryp, asyrlaryň dowamynda uzyn aýak, inçe bil, gamyş gulak, gyzdan gylykly bedewleri kemala getiripdir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Eger bedewiň şeýle häsiýetleri bolmasady, onda ol hiç mahal ösüşleriň çapary we aýdyň maksatlaryň hereketlendiriji güýji bolup bilmezdi». Şeýle-de taryhy geçmişimizde bedewiň ulag hökmündäki esasy aýratynlygy ýüze çykýar. Şonuň üçin seýislerimiz atlar gyssagly habarlary ýetirmek guş kimin süýnüp gidýän, gaçsa gutulýan, kowsa ýetýän ýelden ýyndam, uzak aralyga ýörişlere çydamly, dürli howa we geografik şertlere çalt uýgunlaşýan bedewleri ösdürip ýetişdiripdirler. Şonuň üçin pähimdar halkymyz «Atym bar – ganatym bar», «Ýat ýeri garyndaş eden gyz taňry, alys ýoly ýakyn eden at taňry» diýen nakyllary döredipdir. Mundan başgada atlar hojalyk işlerinde-de adamyň iň ýakyn kömekçisi bolupdyr. Atlaryň ulag hökmündäki hyzmaty häzirki günde-de öz ähmiýetini ýitirenok. Atyň ulag hökmündäki hyzmaty onuň dürli howa şertlerinde çylşyrymly we çarkandakly ýollardan hereket etmäge we töwerekdäki ekoulgama hiç-hili zyýan ýetirmeýänligi taýyndan juda ähmiýetlidir. Bilşimiz ýaly, häzirki döwrüň ulagy bolan awtomobilleriň we beýleki tehniki serişdeleriň hereket kuwwaty «at güýji» bilen ölçenilýär. Ynsan üçin wepaly dost, ynamdar ýoldaş, akyly danalaryň akylyna deňelýän owadan, ýyndam hem çydamly türkmen bedewleri dünýäde meşhur bolupdyr. Gadymy döwürlerde dürli gatnaşyklaryň, Gündogar bilen Günbatar medeniýetini baglanyşdyran «Beýik Ýüpek ýolunyň» hyzmaty arkaly türkmen bedewleriniň şan-şöhraty dünýä dolupdyr. Hytaýlylar uçsa ganaty, gonsa aýagy bolan ýelden ýyndam türkmen bedewlerine «Asman atlary» diýen ady beripdirler. Türkmen bedewleriniň ulag hökmündäki ähmiýeti iň ýowuz tebigy şertlerde, çöllüklerde synag astyna alnypdyr. Ata-babalarymyz Garagumuň çägelikleri bilen günde 100 – 150 km, hatda 200 km ýoly arkaýyn geçipdirler. Garagumdaky guýular biri-birinden hut şeýle daşlykda ýerleşipdir. Şonuň üçin çöl şertlerindäki töwekgelçilikli menzile türkmen atlary bilen ýetip bolupdyr.

Institutymyzyň uly mugallymy:Oguljan Aýnazarowa