Aşgabat – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty, döwletimiziň dolandyryş merkezi. Şol bir wagtyň özünde-de ýurdumyzyň batly depgin bilen ösýänliginiň subutnamasy. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan şähergurluşyk syýasaty, öňdengörüjilikli maksatnamasy netijesinde Aşgabat şäheri gün-günden gülläp ösýär, onuň ajaýyplyklaryny görmäne göz gerek. Ýurt baştutanymyzyň halkyny eşretli durmuşda ýaşatmak üçin edýän aladalary netijesinde paýtagtymyz nusgalyk şäherleriň birine öwrüldi. Şäherimiziň çar künjeginde gurulýan dünýä ülňülerine kybap gelýän beýik binalar, erem bagyny ýada salýan seýilgähler, giň awtomobil ýollary bularyň ählisi halkyň bagtly durmuşda döwran sürmegi üçin döredilen mümkinçilikdir. Ýaş döwlet bolanlygyna garamazdan ýurdumyzyň şeýle batly depgin bilen ösýänligi dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekýär. Ýurdumyzyň at-owazasyny eşdip görmäne gelýän jahankeşdeler bolsa, paýtagtymyzyň gözelligine haýran galýar. Paýtagtymyzyň hiç bir ýerde duşmajak ajaýyp keşbi, elbetde Ginnesiň rekordlar neşirýadynyň ünsündenem sowa geçenok. Bilşimiz ýaly, Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitaby dünýädäki dürli ugurlar, şol sanda gurluşyk we binagärlik ulgamy boýunça ähmiýetli, şol bir wagtyň özünde-de hiç ýerde gaýtalanmadyk ýeke-täk aýratynlygyny hasaba alýar. Biziň paýtagtymyz bolsa, gör, ençeme gezek bu kitabyň sahypalaryna adyny ýazdyrdy. Şu nukdaýnazardanam Aşgabat şäherimizi, hakykatdanam, bütin ýer ýüzüne görkezmäge, guwanmaga haklydyrys.
Aşgabat şäheri ilkinji gezek 2008-nji ýylda baýdak sütüniniň beýikligi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. Bilşimiz ýaly türkmen tuguny mukaddeslik hasaplaýar, ony ar-namysyna deňeýär, şonuň üçin hem ýaşyl baýdagyny hemme zatdan belentde tutýar. Bu biziň pederlerimizden galan edähedimiz. Ata-baba ýoluna eýeren türkmen döwleti bu günki gün hem baýdagyny belentden dikdi. Ýaşyl tugum al-asmanda pasyrdady. Bu beýik baýdak sütüni bolsa Ginnesiň neşirýadynyň ünsüni özüne çekdi.
Türkmen halkynyň myhmansöýerligini, taryhyna we däp-dessurlaryna ygrarlylygyny görkezýän ençeme myhmanlary garşylaýan halkara howa menziliniň ugrunda ýerleşen nesilbaşymyz Oguz hany we alty ogluny şekillendirýän binagärlik-heýkeltaraşlyk toplumy jemgyýetçilik ýerindäki iň köp sanly suw çüwdürimleri bilen Aşgabat şäherimiziň adyny ikinji gezek Ginnesiň sahypalaryna ýazdy.
Nesilbaşymyz Oguz hanyň asylly däplerini täze mazmun bilen baýlaşdyryp, geçmişimiziň mukaddesligine hormat nyşany hökmünde sekizburçluk binagärlik we bezeg işleriniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ýaş çatynjalaryň bagtyna badalga berýän “Bagt” köşgünde, “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezinde özüniň ajaýyp beýanyny tapdy. Paýtagtymyz – Aşgabat şäherindäki bu teleradioýaýlym binagärlik sungatynda dünýäniň iň uly sekizburçlugy diýip rekordlaryň hataryna goşuldy.
Halkyny eşretli durmuşda ýaşatmagy maksat edinen Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylan “Älem” medeni-dynç alyş merkezi dünýädäki iň uly ýapyk syn ediş çarhy bilen ýene bir gezek paýtagtymyzy täsinlikleriň hataryna goşdy.
“Saňa at diýmerin, gardaş diýerin” diýip bedew atyny ezizlän Oguz hanyň ýolundan ýöreýän türkmen ahalteke atynyň wepadarlygyna hormat hökmünde Olimpiýa stadionynyň münberinde alyslardanam seleňläp görünýän ägirt uly bedew atynyň şekili bilen dünýä binagärligindäki ýene bir aýratynlygyny görkezdi.
Çeper elli halyçylarymyzyň zehininden kemala gelen türkmen göli diňe bir türkmen halylarynyň bezegi bolman, eýsem, binagärlik sungatynda hem öz ornuny tapdy. Gözel paýtagtymyzyň halkara howa menzilindäki gölüň şekili milli binagärlik sungatymyzyň aýratynlygy bilen Aşgabat şäheriniň adyny Ginnesiň sahypalaryna ýazdy.
“Sport – saglygyň girewidir” diýen pelsepäni özüniň baş şygaryna öwüren Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ençeme sport desgalary bina edilýär. Şolardan Aşgabat şäherinde ýerleşen “Sportuň suw görnüşleri boýunça merkezi” dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde ykrar edildi.
Dünýäde milli binagärlik sungatymyz bilen gurulýan binalarymyzyň aýratynlandyrylmagy guwandyryjy waka. Dogry rekordlar kitabynda belli bir binalary, desgalary bilen ady agzalýan şäherler kän. Ýöne şäheriň tutuş durkunyň aýratynlandyrylyp bu kitaba girizilenleri bolsa sanaýmaly. Merjen şäherimiziň şeýle şäherleriň biriligi bolsa bizi buýsandyrýar. Çünki 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda ykrar edildi.
Görnüşi ýaly, ösüş bir ýerde durmaýar. Rekordlar hem ýyl ýyldan täzelenýär. Geljekde-de Mili Liderimiziň aladalary netijesinde guruljak ajap binalar, täsin desgalar bilen paýtagtymyz – Aşgabadyň bu kitapda orun aljakdygy bolsa şübhesizdir.
Akmuradowa Mährijemal, institutymyzyň talyby.