ARKADAGLY DÖWRÜŇ BAGTYÝAR ÝAŞLARY

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda biz ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklarymyz ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. Galkynyşly döwrümizde pederlerimiziň ýörelgesi dowam etdirilip, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde ýokary netijeler gazanylýar.      Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, bagtyýar durmuşynyň hem-de beýik geljeginiň, sazlaşykly ösüş-özgertmeleriniň bähbidine ylymly-bilimli, hünär taýdan taýýarlykly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatda döwlet tarapyndan uly aladalar edilýär. Bu gün ýaşlara ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde saýlan hünärleri boýunça bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilen. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty  hem bar.

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent, ýokary ahlakly we bilimli ýaş nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň anyk kesgitlän döwlet ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir. Milli Liderimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty olaryň sagdyn ösmegi hem-de kemala gelmegi üçin has oňaýly şertleri döretmäge, jemgyýetiň we döwletiň  bähbidine ýaşlaryň aň paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga gönükdirilendir.

          Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyna öňdebaryjy usullar ornaşdyryldy we ol iň kämil enjamlar bilen üpjün edildi. Ýaşlaryň bilimine, terbiýesine aýratyn üns berilýän döwürde olaryň oňat bilim almaklary üçin zerur şertleriň ählisi döredilýär. Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, saýlan hünärleriniň eýesi bolmagy, halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik ýaly ýagşy häsiýetlerde terbiýelenmegi baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmelerimiziň özeni bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň döwlet derejesindäki üns-aladasy arkaly bagtyýarlyk döwrümiziň nesil terbiýesini belent derejelere ýetirmegi we ony baş wezipe edip goýmagy ýaşlarda ruhy-ahlak kämilligi ýüze çykarýar.
         Ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy ahlak we medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini                    terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmek milli maksatnamalaryň esasy ugurlarydyr. Şol wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak              maksady bilen, 2021-nji ýylyň ýanwarynda « Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Onuň çäklerinde kämil, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn, öz halkynyň taryhyny, medeniýetini we däp-dessurlaryny hem-de mizemez maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen anyk çäreler görülýär.  Munuň özi türkmen ýaşlarynyň öňünde täze wezipeleri kesgitleýär.

        Garaşsyz döwletimizde ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, ony dünýä derejesine ýetirmekde bitirilýän işleriň oňyn täsiri institutymyzyň gündelik durmuşynda-da duýulýar. Tejribeli mugallymlarymyz geljekki ýaş inžener-tehnologlaryň ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda yhlas-tagalla edýärler. Sanly bilim ulgamynyň netijeli mümkinçiliklerinden, öňdebaryjy iş tejribelerinden ýerlikli peýdalanylmagy biz, talyplara bilim berip, hünär öwredilmeginde ýokary görkezijileriň gazanylmagyna ýol açýar.

       Ýokary okuw mekdebimizde ýurdumyzda bellenilýän şanly seneler, baýramçylyklar, milli mirasymyz, medeniýetimiz, şekillendiriş, amaly-haşam sungatymyz, sport we bedenterbiýe, şeýle-de okuw-terbiýeçilik işleri bilen baglanyşykly dürli çäreler guralýar. Geçirilýän çärelerde talyplardan düzülen aýdymçylar, tansçy gyzlar topary tarapyndan Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň beýik işlerini wasp edýän joşgunly çykyşlar ýerine ýetirilýär

          Talyp deň-duşlarymyz ýurdumyzda geçirilýän taslama we ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilýän bäsleşikde-de olar üstünlikli çykyş edýärler. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işleri okatmagyň häzirki zaman işjeň usullaryndan, öňdebaryjy tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly guralýar. Okuw otaglary dünýäniň ösen tehnologiýalary, interaktiw-multimedia tagtalary, kompýuter enjamlary bilen abzallaşdyryldy. Bu ýerde kompýuter otaglary hereket edip, olar internet ulgamyna birikdirilendir. Kitaphanada elektron maglumatlardan peýdalanmak mümkinçiligi artdyrylyp, mugallymlaryň umumy okuwlarynyň ýazgylarynyň, taýýarlan okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň elektron görnüşleriniň, tanyşdyryşlaryň, testleriň üsti yzygiderli ýetirilip durulýar. Bu bolsa okuw sapaklarynda alan nazary bilimlerimizi has-da berketmäge, ylmyň gazananlaryny üstünlikli özleşdirmäge, gözýetimimizi giňeltmäge, ylym älemine bolan gyzyklanmamyzy artdyrmaga giň ýol açýar.

          Ýaşlar özlerine bildirilýän beýik ynamdan, döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, eziz Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak höwesi bilen Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşýärler.


Arzygül GANDYMOWA,

Ulaglar fakultetiniň Howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak hünäriniň 4-nji ýyl talyby.